Hytaýda 5000 ýyllyk aramgäh tapyldy

  • 17.10.2024 11:44
  • 7.1k+

Hytaýyň Henan welaýatynda arheologlar ýaşy, takmynan, 5 müň ýyl diýlip hasaplanylýan gadymy aramgähi tapdylar. Tapyndy Hytaý siwilizasiýasynyň gelip çykyşy barada täze maglumatlary berip biler diýip, “Sinhua” agentligi habar berýär.

M27 hökmünde bellenilen aramgäh Şansýu şäheriniň çäginde ýerleşip, Dawenkou medeniýetine degişlidir. Ylmy gözlegçiler onda ýokary statusly adamyň, ähtimal, gadymy hökümdaryň jaýlanandygyny çaklaýarlar.
Arheologlar 17 metrlik aramgähiň içinde ýaşmadan, keramikadan we pil süňkünden ýasalan predmetleri öz içine alýan 350 töweregi artefakt tapdylar. Şeýle-de, alymlar baýlygy alamatlandyrýan doňuzlaryň aşaky äňlerini tapdylar. Bellenilişi ýaly, aramgähiň ululygy we artefaktlaryň sany munuň Dawenkou medeniýetiniň iň uly mazarlarynyň biridigini görkezýär.

“Bu açyş Wançžuan harabalygynyň adaty ilatly ýer däl-de, eýsem taryhdan öňki gadymy Huaýi şalygynyň paýtagtydygyny görkezýär” – diýip, “Şoudu” pedagogika uniwersitetiniň taryh fakultetiniň dosenti Çžu Guanhua hasaplaýar.

2024-nji ýylda bu arheologiki ýerde alymlar jaýlananlaryň ýokary sosial ýagdaýyny görkezýän artefaktlar bilen 45-den gowrak aramgähi tapdylar. Dawenkou medeniýeti häzirki Şandun, Anhoý, Henan we Szýansu welaýatlarynyň çäklerinde b.e.öň 4100-2600-nji ýyllarda hereket edipdir. Taryhçylaryň pikiriçe, tapyndylar eýýäm şol döwürde jemgyýetiň gatlaklara bölünendigini delillendirýär.


19.06.2026 19:49
4.7k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

18.06.2026 11:17
4.9k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.5k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

13.06.2026 12:29
6k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....