Apple A17 Pro çibi, Apple Intelligence we Apple Pencil Pro bilen täze iPad mini-ni hödürledi

  • 16.10.2024 18:56
  • 2.4k+

Apple özüniň ykjam iPad mini planşetini täzeledi. Täze wersiýa kuwwatly A17 Pro prosessoryna, Apple Intelligence ulgamynyň goldawyna we täze Apple Pencil Pro stilusyna eýe boldy.

8,3 dýuým ekranly planşet öz dizaýnyny saklady, ýöne öndürijilikde ep-esli gowulaşma aldy.
A17 Pro çibi merkezi prosessoryň tizliginiň öňki model bilen deňeşdirilende 25% ýokarlanmagyny üpjün edýär. Täze gurluş basyşa duýgurlyk we hereketler arkaly dolandyryş bilen Apple Pencil Pro-ny hem goldaýar.
Şeýle-de, Wi-Fi 6E goldawy, has tiz USB-C we Smart HDR 4 goldawy bilen täzelenen 12 Mp giňburçly kamera bar.
Täze iPad mini dört reňkde elýeterli. Planşet 23-nji oktýabrda satuwa çykar.

Bahalar:

  • ·128 GB – 500 dollar
  • ·256 GB – 600 dollar
  • ·512 GB – 800 dollar.

5G modemli wersiýa üçin goşmaça 150 dollar tölemeli bolar.


07.05.2026 21:13
2.9k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.2k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...