Tomas Tuhel Angliýanyň milli ýygyndysyna baş tälimçi bellenildi

  • 16.10.2024 18:53
  • 3.7k+

Germaniýaly hünärmen Tomas Tuhel Angliýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada Angliýanyň Futbol assosiasiýasynyň saýtynda habar berilýär.

Iýul aýynda Garet Sautgeýt Angliýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden gidýändigini mälim etdi. Ondan öň topar Germaniýada geçirilen Ýewropa çempionatynyň finalynda Ispaniýadan utulyp (1:2), yzygider ikinji gezek ýaryşyň kümüş medalyny gazandy.
Germaniýaly hünärmen 2025-nji ýylyň ýanwaryndan milli topar bilen işleşip başlar. Onuň kömekçisi angliýaly Entoni Barri bolar. Li Karsli Milletler ligasynyň Gresiýa (14-nji noýabr; myhmançylykda) we Irlandiýa (17-nji noýabr, öýde) garşy noýabr oýunlarynda milli ýygyndynyň baş tälimçisiniň borçlaryny ýerine ýetirmegi dowam eder, şondan soň ýaşlar ýygyndysyna gaýdyp barar.

“Men Angliýanyň ýygyndysyna ýolbaşçy bolmak hormatyna eýe bolandygyma buýsanýaryn. Men iňlis futboly bilen şahsy baglanyşygymy öňden bäri duýýaryn, bu eýýäm maňa birnäçe täsin pursaty sowgat etdi. Angliýa wekilçilik etmek mümkinçiligi – aýratyn bir ýagdaý. Bu üýtgeşik we zehinli oýunçylar topary bilen işleşmek örän tolgundyryjy” – diýip, Tuhel belledi.

Tuheliň soňky iş ýeri Mýunheniň “Bawariýasy” boldy. Onuň ýolbaşçylygynda topar 2022/23 möwsüminiň jemi boýunça Germaniýanyň çempiony boldy.


düýn 13:51
8.3k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......