Gymmat bolmadyk tehnologiýa Renault-y Ýewropada satuw boýunça öňdäki orunlara çykardy

  • 16.10.2024 18:22
  • 4.1k+

Renault-yň baş müdiri Luka de Meonyň gymmat bolmadyk gibrid tehnologiýasyna bil baglamagy eýýäm öz miwesini berdi. Fransiýaly awtoöndüriji Ýewropada çalt ösýän gibrid awtomobil bazarynda haýran galdyryjy netijeleri görkezýär diýip, IXBT habar berýär.

2024-nji ýylyň ilkinji sekiz aýynda Renault-yň Clio we Captur ýaly gibrid modelleriniň satuwy geçen ýyl bilen deňeşdirilende 55% ýokarlanyp, bazaryň ortaça ösüşinden 21,1% öňe geçdi. Bu hem Renault-a Ýewropada gibrid satuwy boýunça ikinji orna çykmaga mümkinçilik berdi. Kompaniýa bu ugurda diňe Toyota-dan yza galýar.
Renault-yň üstünlik gazanmagynyň esasy şerti E-Tech tehnologiýasy boldy. Hereket geçiriji guty ugrunda öz innowasiýalary bilen belli bolan fransuz kompaniýasy gymmat däl we netijeli gibrid transmissiýany üpjün edýän ýönekeýleşdirilen “kulak muftasy” ulgamyny işläp düzdi. E-Tech beýleki gibrid ulgamlaryna garanyňda az komponent talap edýär, bu hem ony ýeňil we baha taýdan elýeterli edýär.

“Kompaniýa bäsdeşlerine garanda has köptaraply we çeýe” – diýip, hünärmenler belleýär.

Renault E-Tech-iň netijesinde elektromobiller bilen gibridleriň arasynda deňagramlylygy tapmagy başardy, bu kompaniýa bazaryň beýleki gatnaşyjylaryndan artykmaçlyk berýär.
Dataforce we S&P Global konsalting kompaniýalarynyň bilermenleri gibrid awtomobillere bolan islegiň onýyllygyň ahyryna çenli artjakdygyny çaklaýarlar. Renault-yň hem öz strategiýasynyň we elýeterli gibrid tehnologiýasynyň netijesinde bu ösüşden peýdalanmak üçin gowy mümkinçiligi bar.


16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
7.4k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......