Mýuller, Noýer we Gündogan Germaniýanyň milli ýygyndysy bilen hoşlaşdy

  • 15.10.2024 20:41
  • 14k+

Germaniýa UEFA-nyň Milletler ligasynyň “A” diwizionynda 4-nji tapgyr oýnunda Niderlandlary kabul etdi. Germaniýalylar Jeými Lewelingiň ilkinji goly netijesinde 1:0 hasabynda utdular.

Oýundan öň “Alýans Arenada” dabaraly çäre geçirildi. Bundestim we futbol janköýerleri milli ýygyndynyň meşhur oýunçylary Tomas Mýuller, Manuel Noýer we Ilkaý Gündogan bilen hoşlaşdylar.
Germaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Noýeriň hasabynda 124 oýun, Gündoganda – 82 (19 gol), Mýullerde – 131 oýun (45 gol) bar.
Belläp geçsek, milli ýygyndyda karýerasyny tamamlan ýene bir ýyldyz Toni Kroos öz çagalar akademiýasynda futbol oýnunyň bolmagy sebäpli hoşlaşyk dabarasyny sypdyrdy.
2014-nji ýylda Braziliýada geçirilen dünýä çempionatynda Bundestim ýeňiji bolanda Noýer, Kroos we Mýuller toparyň düzümindedi. 


düýn 23:41
1.5k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
6.9k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......