Huawei Android-den gutarnykly daşlaşyp, öz operasion ulgamyna geçýär

  • 15.10.2024 12:17
  • 2.4k+

Hytaýyň Huawei tehnologiýa ägirdi özüniň HarmonyOS Next operasion ulgamyna doly geçýändigini yglan etdi. Kompaniýa Google-yň Android-ini ulanmagy bes edýär. 2024-nji ýylyň 15-nji oktýabryndan başlap, bazardaky enjamlary hem goşmak bilen, ähli gabat gelýän enjamlary täzelemek prosesi başlar.

Ilkibaşda Android esasly goşundy bolmak üçin niýetlenen HarmonyOS Next indi düýbünden garaşsyz platforma öwrülýär. Bu karar birnäçe ýyl ozal girizilen amerikan tehnologiýalaryny ulanmagy gadagan etmegiň çäginde kabul edildi.
Huawei köne ekoulgamdan çykmagyň öwezini dolmaga kömek etjek, täze OS üçin öz ýerli programmalaryny işjeň ösdürýär. Resmi taýdan çykar wagtyna çenli  platformada 10 000-den gowrak programma elýeterli bolar.
HarmonyOS-a geçiş tapgyrlaýyn bolar we onuň işe giriziljek döwri Android 15-iň çykýan wagtyna gabat geler. Şeýle-de bolsa, üç ekranly Mate XT ýaly täze modelleriň täzelenmäni aljagy-almajagy entek belli däl. Huawei Ýewropada we ABŞ-da ulanyjylar üçin EMUI brendi astynda Android-iň üýtgedilen wersiýasy bolan enjamlary çykarmagy dowam etdirer, sebäbi ýewropaly ulanyjylaryň köpüsi Google-yň hyzmatlaryna örän garaşly.
Planşetleriň goldawy meselesi açyklygyna galýar: täze OS-y diňe MatePad Pro 13.2 alar, öňki modeller bolsa Android-de işleýär.


04.06.2026 11:54
2k+

Duolingo ulanyjylara iň uzak okuw seriýasyny yzyna gaýtarmaga rugsat berdi

Daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin niýetlenen "Duolingo" hyzmaty ulanyjylara ýitiren iň uzyn gündelik okuw seriýasyny dikeltmäge mümkinçilik berýän ýörite aksiýany ýola goýdy. Bu başlangyç köp günlük okuw......

05.05.2026 15:24
994

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....

22.04.2026 16:50
943

YouTube-da indi Shorts wideolary görkezmez ýaly edip bolýar

YouTube-yň Android we iOS üçin mobil goşundylarynda Shorts wideolaryny ulanyjy lentasyndan doly aýyrmaga mümkinçilik berýän täze funksiýa peýda boldy. Bu mümkinçilik taýmer ulgamynyň täzelenmegi netijesinde......

15.02.2026 09:14
3.2k+

26-njy fewralda Madridde Huawei Mate 80 Pro-nyň dünýä tanyşdyrylyşy geçiriler

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi bolan Huawei täze "Mate 80 Pro" seriýasynyň halkara bazaryndaky tanyşdyrylyşynyň 2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda boljakdygyny tassyklady. Resmi çäre Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde geçiriler...