Samsung 2025-nji ýylda inçe batareýaly we ekranly Galaxy S25 FE flagmanyny çykarar

  • 15.10.2024 11:49
  • 7.6k+

Koreýanyň “The Elec” maglumat portaly Samsung kompaniýasynyň geljek ýyl Galaxy S25 FE flagmanyny çykarmak meýilnamasy barada habar berdi. Ýöne eýýäm çykmaga taýýarlanýan Galaxy S25 hataryndan tapawutlylykda, Galaxy S25 FE heniz işläp taýýarlama tapgyryndadyr. Muňa garamazdan, model barada käbir tehniki maglumatlar belli boldy.

Habar berlişi ýaly, Galaxy S25 FE inçe model hökmünde hödürlener, onuň galyňlygy Galaxy S24 ýaly 7,6 mm bolar. Muny has inçe akkumulýatoryň kömegi bilen gazanmak bolýar. Gurluşyň ekran diagonaly 6,7 dýuým bolup, Galaxy S24 FE-niň ekran diagonalyna gabat geler.
Käbir çeşmeler Galaxy S25 FE-niň Snapdragon 8 Gen 3 for Galaxy ýa-da Snapdragon 8 Elite çibini aljakdygyny habar berýärler. Başga maglumatlara görä, bu modelde SoC Exynos 2500 firma çipseti ulanylar.
Ýatlap geçsek, Samsung Galaxy S25 hatarynyň resmi premýerasynyň 2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň ortasynda bolmagyna garaşylýar.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...