Apple 2D şekilleri sanlyja sekuntda 3D-e öwürmek üçin programma çykardy

  • 14.10.2024 14:49
  • 5.6k+

Apple emeli aň tehnologiýasyna esaslanýan Depth Pro atly täze programma hödürledi. Gural 2D şekilleri 3D obýektlere öwürmäge mümkinçilik berýär diýip, TechXplore habar berýär.

Programma kamera hakynda goşmaça metamaglumatlary ulanmazdan, şekiliň çuňlugyny hasaplap bilýär. Tehnologiýa adaty grafiki prosessorlarda işleýän wagtyňyz bary-ýogy 0,3 sekuntda çuňluk kartalaryny döretmäge mümkinçilik berýär.
Depth Pro-yň işleýiş ýörelgesi adamyň goşa göz bilen görşüni ýada salýan, bir  şekilden alnan wizual maglumatlaryň derňewine esaslanýar. Beýni çuňlugy duýmak üçin iki gözden alnan dürli maglumatlary işleýär, Depth Pro bolsa bir obýektiw kamera ulanylanda-da 2D suratlardan 3D kartalary döretmek üçin algoritm ulanýar. Çuňluk kartalary her piksel üçin obýektden kamera çenli uzaklygy görkezýär, bu bolsa häzirki standartlara garanyňda 3D effektlerini ep-esli gowulaşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Tehnologiýa hakyky wagtda 3D kartalaşdyrmagy talap edýän robot we awtonom ulag ulgamlaryny goşmak bilen, köp sanly amaly ýerine ýetirýär. Apple bu programmany ykjam enjamlarda ulanmak 3D modelleriň döredilişini ep-esli aňsatlaşdyrjakdygyny we şekilleri gaýtadan işlemegiň wagtyny gysgaltjakdygyny tassyklaýar.


21.04.2026 15:36
6.8k+

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan astronawt iPhone 17 Pro Max-da alnan «Ýeriň ýaşyşynyň» wideosyny paýlaşdy

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan «Artemis II» missiýasynyň serkerdesi Rid Waýzman seýrek duş gelýän kosmos hadysasynyň — Ýer şarynyň Aýyň gözýetiminden ýaşyp barýan pursatynyň wideosyny paýlaşdy. Bu kadrlar......

22.03.2026 04:18
2.2k+

Apple operasion ulgamlarynyň täzelenmesini üýtgetdi hem-de könelen smartfonlar sanawynyň üstüni ýetirdi

Apple kompaniýasy howpsuzlyk täzelenmeleriniň täze formatyny — «Background Security Improvement» hödürledi, şeýle-de birnäçe köne enjamlary resmi taýdan könelen diýip yglan etdi. Täze mehanizm iOS, iPadOS we macOS ulgamlarynyň esasy täzelenmeleriniň arasynda kiçiräk düzedişleri gurnamaga mümkinçilik berýär...

10.03.2026 08:10
3.8k+

Apple 15 sany enjamynyň önümçiligini ýatyrýar

Apple kompaniýasy geçen hepde 10 sany täze enjamyny tanyşdyrmak bilen bir hatarda, ozal öndürilýän 15 sany önüminiň çykarylmagyny bes edýändigini-de yglan etdi. Täzelikleriň arasynda iPhone 17e smartfony, M4 prosessorly...

05.03.2026 06:56
1.5k+

Apple iň elýeterli MacBook-yny hödürledi: onuň bahasy 600 dollardan başlanýar

4-nji martda Apple kompaniýasy özüniň iň elýeterli noutbugy bolan MacBook Neo-ny tanyşdyrdy. Modeliň bahasy 599 dollardan başlanýar. Bilim ulgamyndaky alyjylar üçin bolsa arzanladyşly baha — 499 dollar bellenildi...