Aktýor Aaron Teýlor-Jonson dünýäde iň syratly erkek adam boldy

  • 13.10.2024 21:04
  • 12k+

Britaniýaly plastik hirurgy Julian de Silwa “altyn kesişme” ýörelgesi boýunça iň syratly erkek adamlaryň ilkinji onlugyny düzdi. 2024-nji ýylyň reýtinginde öňdebaryjy 34 ýaşly aktýor Aaron Teýlor-Jonson boldy diýip, Daily Mail habar berýär.

Maglumatlara görä, aktýor “agent 007” franşizasynda täze Jeýms Bonduň roluny alyp biler, ol “Anna Kareninada” (2018, režissýor Jo Raýt) Wronskiniň roluny hem ýerine ýetirdi.
Hünärmeniň pikiriçe, aktýoryň ýüzi “altyn kesişmä” 93,04% laýyk gelýär. Onuň ýüzüniň süýrümtik şekili (99,2%) we burny (98,8%) ideal diýen ýaly. Eňek bolsa “altyn kesişmä” 95%, gözleriň arasyndaky aralyk 89%, burun bilen dodagyň arasyndaky aralyk 89,6%, dodaklaryň özi bolsa 86% laýyk gelýär.


Ikinji orny “Emili Parižde” melodramasynyň ýyldyzy Lýusýen Lawiskonta eýeledi (92,41%). Bürünç medaly Pol Meskal aldy (92,38%). Irlandiýaly aktýor noýabr aýynda Ridli Skottuň täze “Gladiator 2” filminde baş keşpde peýda bolar.
Dördünji orunda “Alagaraňkylyk” we “Betmen” filmleriniň ýyldyzy Robert Pattinson (92,15%), bäşinji orunda “Ýüzükleriň hökümdary: Hökmürowanlyk ýüzükleri” serialyndan aktýor Jek Lauden (90,33%) ýerleşdi.


Altynjy orny Golliwudyň weterany Jorj Kluni (89,9%), ýedinji orny “Telbe Maks: Gazap ýoly” blokbasteriniň ýyldyzy Nikolas Holt (89,84%) eýeledi.
Bularyň yzyny “Maý dekabr” dramasyndan we “Riwerdeýl” serialyndan Çarlz Melton (88,46%) hem-de Idris Elba (87,94%) dowam etdirýär. Onlugy hindi aktýory Şah Rukh Khan jemleýär (86,76%).
Geçen ýyl reýtingiň lideri Rege-Žan Peýj (“Brijertonlar” serialynda gersog Gastings) boldy. Onuň ýüzi “altyn kesişmä” 93,65% laýyk geldi. Öňdebaryjylaryň üçlügine Kris Hemswort (93,53%) we Maýkl B.Jordan (93,46%) hem girdi.

11.06.2026 13:03
7.5k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.9k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....