Karýerasyny tamamlan Rojer Federer Şanhaýda görkezme oýnuny oýnar

  • 12.10.2024 15:31
  • 4.3k+

“Uly tuwulga” ýaryşlarynyň 20 gezek ýeňijisi, dünýäniň öňki birinji raketkasy şweýsariýaly tennisçi Rojer Federer ATP Shanghai 2024 ýaryşynda Roger & Friends Celebrity Doubles ady bilen görkezme oýnuny geçirer. Ol gonkongly pop-sazanda Izon Çan bilen jübüt bolup oýnar we olar dünýäniň 41-nji raketkasy hytaýly tennisçi Çžan Çžiçžen bilen stol tennisi boýunça Olimpiýa çempiony Fan Çženduna garşy çykyş eder.

Ýatlap geçsek, Federer 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda, Londonda geçirilen Leýweriň Kubogy – 2022 ýaryşyna gatnaşandan soň sportdan çekildi. Özüniň hoşlaşyk oýnuny “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň 22 gezek çempiony, dünýäniň öňki birinji raketkasy ispaniýaly Rafael Nadal bilen jübüt bolup oýnady.
Karýerasynyň dowamynda Federer Şanhaýda iki gezek titul gazandy.


18.06.2026 10:24
1.1k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......