Ýamal Ispaniýanyň milli ýygyndysynda 10-luk belgide çykyş eder

  • 12.10.2024 14:58
  • 6.2k+

“Barselonanyň” hüjümçisi Lamin Ýamal Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde onluk belgini alar. Luis de la Fuenteniň topary Milletler ligasynyň çäklerinde 12-nji we 15-nji oktýabrda Daniýanyň we Serbiýanyň toparlaryna garşy oýnar.

“Barselonanyň” 17 ýaşly oýunçysy meýdança ozal Dani Olmo degişli bolan 10-luk belgi bilen çykar. Ýarymgoragçy şikes sebäpli ýygyndynyň düzümine goşulmady. Bu barada Ispaniýanyň milli toparynyň metbugat gullugy habar berýär.
Öň, bu belgide Ispaniýanyň milli ýygyndysy üçin Raul Gonsales, Sesk Fabregas, Isko, Týago Alkantara, Santi Kasorla we Hose Antonio Reýes ýaly belli oýunçylar çykyş etdi.
Belläp geçsek, häzirki möwsümde Lamin Ýamal ähli ýaryşlarda “Barselona” üçin 11 oýna gatnaşyp, öz hasabyna 5 gol we 5 netijeli geçirim ýazdy.


düýn 23:41
2.2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.3k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.1k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......