Belarusly Natalýa Doroşko “Älem gözeli – 2024” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

  • 12.10.2024 12:25
  • 9.3k+

Belarusly Natalýa Doroşko “Älem gözeli – 2024” (Mrs Universe 2024) gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Bu barada çäräni gurnaýjylar sosial ulgamlarda habar berdi.

Halkara bäsleşik 2-nji oktýabrdan 10-njy oktýabr aralygynda Günorta Koreýanyň Inçhon şäherinde geçirildi. Finala Aziýa-Ýuwaş umman sebitinden, Ýewropadan, ABŞ-dan we öňki sowet döwletlerinden aýallar gatnaşdy.
Birinji wise-hanym Demirgazyk Aziýanyň wekili Nikita Kuşwa boldy, üçünji orny russiýaly Natalýa Çistýakowa eýeledi.
“Älem gözeli” halkara gözellik bäsleşigi 2007-nji ýyldan bäri geçirilýär. Oňa 18 – 55 ýaş aralygyndaky aýallar gatnaşyp bilýär. Şu ýyl täç üçin 115 dalaşgär bäsleşdi.


Bäsleşigiň aýratynlygy onuň diňe bir durmuşa çykan gyzlaryň gözelligini görkezmek däl-de, eýsem sosial taslama bolup, oňa gatnaşyjylaryň haýsydyr bir möhüm meseläni beýan etmegidir.

Ýeňşinden soň Natalýa Doroşko “ajaýyp tejribe”, şeýle-de “öz işlerine, pikirlerine we maksatlaryna” uly ynam gazanandygyny aýtdy.
2015-nji ýylda “Älem gözeli” halkara bäsleşigi Minskde geçirildi. Onuň ýeňijisi Kanadanyň wekili Eşli Bernem boldy.

düýn 17:04
1.9k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....