Weýrançylykly “Milton” tupanyny kosmosdan surata alyp görkezdiler

  • 11.10.2024 23:43
  • 14k+

Roskosmos-yň kosmonawty Iwan Wagner Halkara kosmos stansiýasynyň (ISS) bortundan “Milton” harasadyny surata aldy diýip, TASS habar berýär.

Wagner: "Gün ýaşan çagy, “Milton” harasadyny gapdal penjireden surata aldym" –diýip gürrüň berdi.

10-njy oktýabr gijesi Florida ştatynyň kenarlarynda turan güýçli tebigy hadysa heläkçilige we adam pidalaryna sebäp boldy.
Tupan Saffir-Simpson şkalasy boýunça üçünji kategoriýa ýetdi, ýöne belli bir pursatda iň ýokary, bäşinji kategoriýa hem ýetdi baha berildi. Häkimiýetler giň gerimli ewakuasiýany yglan etdiler - umumy ilaty 5,9 million adam bolan 11 etrabyň ýaşaýjylaryna öýlerinden çykyp gitmek tabşyryldy. ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Florida ştatynda adatdan daşary ýagdaý diýip yglan etdi we ýerli häkimiýetlere federal kömegi bermek barada buýruk berdi.


“Milton” birnäçe sebitde suwuň derejesiniň düýpgöter ýokarlanmagyna sebäp bolan güýçli ýagyşlary getirdi.

Tüweleýiň derdinden dörän tornado sebäpli ýüzden gowrak öý ýykyldy we 3 milliona golaý öý elektriksiz galdy.
Floridanyň hökümeti entek çekilen zyýanyň deslapky hasap möçberlerini yglan etmedi, ýöne “Milton”-yň we oktýabr aýynyň başyndaky “Helen” tupanynyň pidalarynyň her tupanyň netijeleri üçin aýratyn töleg aljakdygyny aýtdy.


düýn 20:17
3.7k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......