UEFA bilen Ýewropa klublarynyň assosiasiýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyny uzaltdy

  • 11.10.2024 23:45
  • 5.3k+

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) we Ýewropa klublarynyň assosiasiýasy (ECA) hyzmatdaşlyk baradaky şertnamany uzaltdylar. Bu barada iki guramanyň saýtlarynda habar berilýär diýip, RIA Nowosti belleýär.

2023-nji ýylyň sentýabr aýynda gol çekilen şertnama 2033-nji ýylyň iýul aýyna çenli uzaldyldy.

“Biziň ECA bilen hyzmatdaşlygymyz – bu tutuş Ýewropa futbol piramidasyna peýda getirýän inklýuziw, durnukly we dinamiki ekoulgamyň binýady. Biz bilelikde UEFA-nyň klub ýaryşlarynyň ähmiýetini artdyrmaga we her sebitde ähli derejelerdäki klublaryň gülläp ösüşini üpjün etmäge çalyşýarys” – diýip, UEFA-nyň prezidenti Aleksander Çeferin aýtdy.
“ECA bilen UEFA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň uzaldylmagy Ýewropanyň ähli klublary hem-de Ýewropa futbolynyň durnuklylygy üçin örän gowy täzelik. Ähtnama mundan beýläkki ösüşi we ähli derejelerde üstünligi üpjün etjek dolandyryş, täjirçilik meseleleri boýunça UEFA bilen hyzmatdaşlygymyzy berkidýär. Ýewropanyň 55 ýurdundan 700-den gowrak klub ECA-nyň agzasydyr we biz UEFA bilen ynamly gatnaşyklarymyzy çuňlaşdyrmaga şat” – diýip, ECA-nyň ýolbaşçysy Nasser Al-Helaifi belledi.


düýn 23:46
975

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......

düýn 23:02
1.2k+

Alibaba bilen hyzmatdaşlyk UEFA-nyň hemaýatkärlik girdejilerini ýylda 1 milliard ýewro çenli ýokarlandyrar

Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) Hytaýyň Alibaba Group tehnologiýa holdingi bilen maksatnamalaýyn ylalaşyga gol çekdi. 2033-nji ýyla çenli möhletli bu şertnama guramanyň ýyllyk hemaýatkärlik......

düýn 00:17
8.1k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......

03.06.2026 15:45
10k+

UEFA Gurban Berdiýewiň «Turan-Towuz» toparyny ýewrokuboklardan çetleşdirdi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) Azerbaýjanyň «Turan-Towuz» klubuny 2026/27 möwsüminiň Konferensiýa ligasyna gatnaşmakdan çetleşdirdi. Bu çözgüt 2019-njy ýylda klubuň ýedi futbolçysynyň......