Holand Norwegiýanyň milli ýygyndysynyň taryhynda iň gowy bombardir boldy

  • 11.10.2024 23:13
  • 5.9k+

UEFA-nyň Milletler ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň Sloweniýa garşy üçünji tapgyr oýnunda Norwegiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Erling Holand iki gol bilen tapawutlandy. Netijede, ol 36 oýunda 34 gol bilen öz ýurdunyň taryhynda iň gowy bombardir boldy. Oýun 3:0 hasabynda Norwegiýanyň peýdasyna tamamlandy.

24 ýaşly hüjümçi 45 oýunda 33 gol geçiren Ýorgen Ýuweden öňe geçdi.
Holand Norwegiýanyň milli toparynyň düzüminde ilkinji gezek 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda çykyş etdi. Häzir Norwegiýanyň hasabynda ýedi utuk bolup, ol Liga B-niň 3-nji toparçasynda birinji orny eýeleýär. Indiki tapgyrda topar 13-nji oktýabrda Awstriýa bilen duşuşar.


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......