iPod Nano we iPod Shuffle könelen enjamlaryň sanawyna goşuldy

  • 11.10.2024 12:12
  • 2.4k+

Apple iPod Nano we iPod Shuffle enjamlaryny könelen diýip yglan etdi. MacRumors-yň bellemegine görä, bu modeller üçin abatlaýyş we beýleki hyzmatlar Apple Store dükanlarynda we ygtyýarly üpjün edijilerde indi elýeterli däl.

Kompaniýanyň syýasaty boýunça soňky çykaryşdan ýedi ýyl geçen bolsa, önümler köne diýip hasaplanýar. Ýedinji nesil iPod Nano-nyň we dördünji nesil iPod Shuffle-iň soňky wersiýalary 2015-nji ýylda hödürlenip, goýberilişi 2017-nji ýylda doly bes edildi.
Enjam “könelen” derejesine ýetensoň, batareýasynyň çalşylyş möhleti 10 ýyllyk bolan MacBooks-dan başgasy, Apple Store ýa-da Apple-iň ygtyýarly hyzmat üpjünçisi tarapyndan bejerilip bilinmez.
Mundan başga-da, iPhone 6 hem könelen önümleriň sanawyna girizildi, iPhone 6 Plus modeli bolsa eýýäm aprel aýynda köne diýlip yglan edilipdi.
Mundan başga-da, 2017-nji ýylyň 12 dýuýmlyk MacBook-y we altynjy nesil iPad indi möwriti geçen hasaplanýar, sebäbi olaryň satuwynyň bes edilenine bäş ýyldan gowrak wagt geçdi.
Apple öz enjamlarynyň ekologiýa durnuklylygyna ýardam etmek bilen, uzak möhlete niýetlenendigini aýdýar. Dükanlar we ygtyýarly hyzmaty üpjün edijiler ätiýaçlyk bölekleri elýeterli bolup dursa, ýakyn iki ýylda möwriti geçen gurluşlara hyzmat etmegi dowam etdirerler.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...