Samsung gymmat bahaly eplenýän smartfon Galaxy Z Fold 2-ni könelişen diýip hasaplady

  • 10.10.2024 21:32
  • 5.7k+

Koreýanyň Samsung kompaniýasy eplenýän smartfon Galaxy Z Fold 2-ni könelişen diýip resmi taýdan ykrar etdi. Bu barada kompaniýanyň saýtynyň gurluş bölümindäki üýtgeşmelere salgylanyp, SamMobile neşiri habar berýär. Täzelenmeleri we täze funksiýalary almagy dowam etdirýän modelleri görkezýän bu bölümde 2020-nji ýylyň güýzünde çykan Galaxy Z Fold 2 smartfony ýok.

Galaxy Z Fold 2-niň satuwy başlanan wagty kompaniýa azyndan üç ýyl täzelenme bilen goldamagy wada berdi. Soňky täzelenme One UI 5.1.1 2023-nji ýylyň ahyrynda çykdy, şondan soň howpsuzlyk patçileri çykyp başlady, ýöne tiz wagtdan olaryň çykarylmagy-da bes ediler.
Žurnalistler kompaniýanyň ýörgünli eplenýän smartfonynyň Galaxy Z Fold 6-dygyny belleýärler. 2020-nji ýyldaky modelden tapawutlylykda, bu gurluş ýedi ýyllap Android täzelenmelerini we howpsuzlyk patçilerini alar.
ABŞ-da Galaxy Z Fold 2-niň bahasy satuwyň başynda 2000 dollardy, şol sebäpli ol iň gymmat tapgyrlaýyn smartfonlaryň biri boldy.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...