Samsung rekord hyzmat ediş möhletli Galaxy A16 5G býujet smartfonuny hödürledi

  • 10.10.2024 11:05
  • 5.6k+

Samsung býujet segmentindäki smartfonlar üçin rekord derejede täzeleniş goldawyny özünde jemleýän täze Galaxy A16 5G smartfonuny hödürledi.

Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdi enjamy üç ýylyň dowamynda Android 16 -a çenli täzelemegi, soňra bolsa ulanyjylara iň soňky täzelenmeleri 2030-njy ýyla çenli almaga mümkinçilik berjek howpsuzlyk programmalaryny ýene üç ýyl goýbermegi wada berýär. Bu, adatça, goldawy 3-4 ýyldan köpe gitmeýän býujet modelleriniň standart goldaw möhletinden ep-esli ýokarydyr.
Smartfon IP54 standartyna laýyklykda çyglylykdan we tozandan goraýan plastmassa korpusda ýasalandyr. Gapdalda ýerleşýän güýç düwmesi barmak yzy datçigi hökmünde çykyş edýär. Şeýle hem, model stereo dinamikler bilen enjamlaşdyrylan we goşa SIM kartany goldaýar.

Samsung Galaxy A16 5G-niň häsiýetnamasy:

  • Ekrany: tekiz, 6,7 dýuým, Super AMOLED, 1080x2340, 90 Gs;
  • Prosessory: 8 ýadroly Exynos 1330 (2,4 GGs);
  • Ýady: 4 + 128 GB, 1,5 TB çenli mikro SD kart ýeri;
  • Kameralar: esasy 50 MP, giň burçly 5 MP, makro 2 MP, öňdäki 13 MP; FullHD / 30fps wideo;
  • Batareýasy: 5000 mAh, çalt zarýad 25 Wt; simsiz ýa-da rewersiw zarýad ýok;
  • Birikdirmek: USB-C USB 2.0, Bluetooth 5.3, Wi-Fi, NFC, 5G;
  • OS: Android 14, programma üpjünçiligi 2030-njy ýylyň 31-nji oktýabryna çenli täzelenýär;
  • Ölçegleri: 164,4x77.9x7,9 mm, agramy 200 gr.

Häzirki wagtda Galaxy A16 5G Hindistanda we Taýlandda satylýar, ol ýerde birnäçe reňkde elýeter: goýy gök, pöwrize, altyn we kümüş.
Enjamyň bahasy 249 ýewro. Smartfonyň ýakyn wagtda beýleki bazarlarda satuwa çykarylmagyna garaşylýar.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...