Foxconn Meksikada dünýäde iň uly superçip zawodyny gurar

  • 09.10.2024 19:07
  • 4k+

Taýwanyň Foxconn korporasiýasy Meksikada GB200 superçiplerini ýygnamak üçin dünýäde iň uly zawody gurmagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň wise-prezidenti Benjamin Tingiň beýanyna salgylanyp, Reuters habar berýär.

GB200 çipleri Nvidia-nyň sargydy boýunça işlenip taýýarlanar we emeli aň ulgamlary üçin niýetlenen täze nesil Blackwell grafiki prosessorlarynda ulanylar. Tingiň aýtmagyna görä, şeýle çiplere bolan global isleg barha artýar we bu hem uly göwrümli önümçiligiň zerurdygyny görkezýär. Şeýle-de, ol täze zawodyň önümçilik kuwwatynyň bu islegi kanagatlandyryp biljekdigini belledi.
Foxconn ilkinji GB200 çipleriniň 2024-nji ýylyň dördünji çärýeginde birnäçe milliard dollar girdeji getirmegine garaşýar. Oktýabr aýynyň başynda kompaniýa 57 mlrd dollar möçberde rekord çärýek girdejisi barada hasabat berdi, bu hem korporasiýanyň çiplerine we beýleki önümlerine islegiň ýokary bolmagy bilen baglanyşdyrylýar.


düýn 22:44
3.2k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......

düýn 08:37
6.2k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

22.06.2026 08:33
3.6k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......

21.06.2026 21:59
2.2k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....