2024-nji ýylda himiýa boýunça Nobel baýragy belok gurluşlarynyň öwrenilendigi üçin berildi

  • 09.10.2024 19:03
  • 4.6k+

2024-nji ýylda himiýa boýunça Nobel baýragynyň eýeleri amerikaly Dewid Beýker hem-de britaniýalylar Demis Hassabis we Jon Jamper boldular.

Şwesiýanyň Patyşalyk Ylymlar akademiýasynyň bu çözgüdini 9-njy oktýabrda Stokgolmda himiýa boýunça Nobel komiteti yglan etdi. Biohimik we hasaplaýyş biologiýasy boýunça hünärmen Beýker “beloklaryň hasaplaýyş dizaýny üçin”, neýrobiologlar Hassabis bilen Jamper bolsa “belok gurluşlaryny öňünden kesgitländikleri üçin” sylaglandy.

“Dewid Beýker mümkin däl ýaly zatda – beloklaryň düýbünden täze görnüşlerini döretmekde öňe gitdi. Demis Hassabis we Jon M.Jamper 50 ýyllyk meseläni çözmek: beloklaryň çylşyrymly gurluşlaryny öňünden kesgitlemek üçin emeli aň ulgamyny işläp taýýarladylar. Bu açyşlaryň geljegi uly” – diýlip, akademiýanyň metbugat relizinde aýdylýar.

Belläp geçsek, 1901-nji ýyldan bäri himiýa boýunça Nobel baýragy 115 gezek berildi. 2023-nji ýyla çenli ýagdaýa görä, ony 192 laureat aldy.
Himiýa boýunça Nobel baýragynyň möçberi 11 mln şwed kronyna deň.
2023-nji ýylda himiýa boýunça Nobel baýragynyň eýeleri ABŞ-dan üç alym – Mungi Bawendi (Massaçusets tehnologiýa instituty), Luis Brýus (Kolumbiýa uniwersiteti) we Alekseý Ýekimow (Nanocrystals Technology Inc) boldy. Baýrak olara kwant nokatlarynyň açyşy we sintezi üçin berildi. Kwant nokatlary şeýle bir kiçijik bölejikler welin, olaryň ölçegi olaryň häsiýetlerini kesgitleýär.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....