Apple her ýyl täze önüm çykarmagyny bes eder we akylly ýüzük döretmek taslamasyny ýapar

  • 09.10.2024 13:49
  • 6.5k+

Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, Apple korporasiýasy öz önümleriniň täze wersiýalaryny her ýyl çykarmakdan ýüz öwrüp biler. Bu barada agentligiň habarçysy we belli insaýder Mark Gurman aýdýar.

Häzir Apple öz gurluşlarynyň täze wersiýalaryny her ýyl hödürleýär, ýöne geljekde kompaniýa önümleri diňe doly taýýar bolanda çykarmak bilen, has çeýe çemeleşmä geçip biler. Bu has ýokary hilli we özboluşly gurluşlary döretmäge mümkinçilik berer.
Gurman her ýyl ähli gurluşlary täzelemegiň netijesizdigini we eýýäm häzir Apple-iň iPad, Apple Watch we MacBook ýaly käbir önümlerini yzygiderli çykarmaýandygyny belleýär. Muňa garamazdan, iPhone durnukly ýagdaýda ýylda bir gezek çykmagyny dowam etse gerek.
Şeýle-de, Gurman Apple-iň akylly ýüzük döretmek taslamasyny ýapmak kararyna gelendigini aýdýar. Şeýle çözgüdiň sebäbi täze dakylýan gurluşyň brendiň esasy önümleriniň biri bolan Apple Watch sagatlarynyň satuwyna ýaramaz täsir edip bilmegi boldy. Kompaniýa bu habara teswir bermekden saklandy.
Ýatlap geçsek, öň Apple-iň tiz wagtdan akylly ýüzük hödürlejekdigi barada gürrüňler peýda boldy. Awgust aýynda Vision Pro garniturasy bilen bilelikde işlemäge ukyply akylly ýüzük üçin patent barada belli boldy. Bu gürrüňleriň Samsung öz Galaxy Ring gurluşyny çykarandan soň peýda bolandygyny bellemek gerek.


19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3.1k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....