Andres Inýesta karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi

  • 08.10.2024 23:17
  • 7.9k+

Meşhur ispan futbolçysy Andres Inýesta karýerasyny tamamlaýandygyny habar berdi.

40 ýaşly ýarymgoragçy öz tälimçileri bilen düşen wideoroligini X sosial media ulgamynda ýerleşdirdi. Onda Pep Gwardiola, Luis de la Fuente, Wisente Del Boske, Luis Enrike we Lui wan Gal ýaly meşhurlar ýarymgoragçy bilen işländikleri barada aýdýarlar. Şeýle-de, wideo Inýestanyň kakasy hem gatnaşdy.
Andres Inýesta karýerasynyň köp bölegini “Barselona” üçin oýnap geçirdi. 1996-2018-nji ýyllarda katalon klubunyň düzüminde bolmak bilen, ol ähli ýaryşlarda uly topar üçin 674 oýna gatnaşyp, 57 gol geçirdi we 136 gezek netijeli pas berdi. Kataloniýa klubundan soň Inýesta Ýaponiýanyň “Wissel Kobe” toparynda oýnady hem-de 134 oýunda 26 gol saldy we 25 gezek netijeli pas berdi. Inýestanyň soňky kluby “Emireýts”(BAE) bolup, 23 oýunda 5 gol geçirdi.
“Barselonanyň” düzüminde Inýesta dört gezek Çempionlar ligasynda ýeňiji boldy, dokuz gezek Ispaniýanyň çempiony boldy we alty gezek Ispaniýanyň kubogyny aldy. Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde ýarymgoragçy 2010-njy ýylda dünýä çempiony boldy we iki gezek - 2008 we 2012-nji ýyllarda Ýewropa çempionatynda ýeňiji boldy.


16.01.2026 15:59
7k+

Ispaniýa raýatlyga kabul etmek boýunça taryhy rekord goýdy

Ispaniýa 2025-nji ýylda raýatlyga kabul etmekde rekord derejä ýetdi. Muny Instituto Nacional de Estadística (INE) tarapyndan berlen maglumatlara esaslanýan Eurostat doly tassyklady. Statistika görä, geçen ýyl 252 476 daşary ýurtly Ispaniýanyň raýatlygyny aldy...

11.12.2025 17:25
1.8k+

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ispaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

10-njy dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Ispaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Rikardo Martines Waskesiň bilen duşuşdy. Ilçi Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän halkara çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada geldi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler...

19.11.2025 23:16
19k+

Tramp Ak tamda Ronalduny kabul etdi we ony ähli döwrüň iň beýik oýunçysy diýip atlandyrdy

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu hormatly myhman hökmünde Ak tama bardy we ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň maşgalasy bilen tanyşdy diýip, ESPN habar berýär. Sişenbe güni Tramp Waşingtonda Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Muhammed bin Salmany kabul etdi...

30.10.2025 10:43
4.7k+

Argentinanyň Merkezi banky Maradonanyň geçiren «asyryň goluna» bagyşlap şaýy puluny çykardy

Argentinanyň Merkezi banky «asyryň goluna» – Maradonanyň geçiren meşhur goluna bagyşlanan ýörite şaýy puluny çykardy. Bu şaýy 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatyna gabatlanyp taýýarlanyldy. Şol çempionata Argentina ýaryşyň häzirki çempiony hökmünde gatnaşar...