Telegram öz "YouTube-ny" döredýär. Işläp düzüjileriň  arasynda bäsleşik yglan edildi

  • 08.10.2024 12:31
  • 3.5k+

Telegram öz messenjeri üçin täze wideopleýer döretmek maksady bilen, dünýäniň dürli künjeginden işläp düzüjileriň arasynda bäsleşik yglan etdi. Ýeňiji 2024-nji ýylyň noýabr aýynda yglan ediler, onuň çözgüdi bolsa programma goşular.

Pleýer ilki iOS-da, soňra bolsa Android-de we messenjeriň PK üçin görnüşinde peýda bolar.
Täze wideopleýer häzirki AVPlayer-iň ornuny tutar we wideonyň hilini internet tizligine awtomatiki sazlaýan HLS akymyny goldar. Bar bolan çözgütden tapawutlylykda, pleýer brauzer ulanmazdan, Telegramyň içinde işlär. Döredijiler JavaScript we ýerli kod ulanyp, gibrid çözgüt hödürläp bilerler.
Arzalar 2024-nji ýylyň 25-nji oktýabryna çenli kabul ediler. Iň oňat çözgüdiň awtory 50 müň dollar alar.
Pleýerde maslahat beriş ulgamynyň boljagy-bolmajagy entek belli däl. Hünärmenler olaryň peýda bolmagy Telegram-a YouTube bilen bäsleşmäge mümkinçilik berer diýip hasaplaýarlar. Messenjeriň işjeň ulanyjylarynyň sany tas 1 milliarda ýetdi. YouTube bu ugurda öňdebaryjy bolmagynda galýar - wideohosting sahypasyna 2,5 milliard adam girýär.


18.06.2026 22:08
2.8k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

14.06.2026 14:07
3.9k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....

30.05.2026 11:28
1.5k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......