iPhone 16 Pro Max-yň özüne düşýän bahasy 485 dollar: bu öňki modelden bary-ýogy 32 dollar gymmat

  • 08.10.2024 12:23
  • 12k+

TD Cowen-iň analitikleri 256 GB ýady bolan täze iPhone 16 Pro Max-yň önümçilik çykdajylarynyň 485 dollardygyny hasapladylar. Komponent çykdajylary öňki model bilen deňeşdirilende bary-ýogy 32 dollar (7%) ýokarlandy. Deňeşdirmek üçin, iPhone 15 Pro Max-yň önümçilik çykdajylary bolsa, 453 dollar.

Şol bir wagtyň özünde, komponentleriň bahalarynyň ýokarlanmagy esasan häzirki bazar şertleri bilen baglanyşykly. Mysal üçin, LPDDR5 / LPDDR5X operatiw ýadynyň bahasy 12 dollardan 17 dollara, 256 GB SSD-niň bahasy bolsa 17 dollardan 22 dollara çenli ýokarlandy.
Esasy çykdajylar hersi 80 dollar bolan kamera we ekrana degişlidir, bu baha enjamyň bahasynyň 16%-idir. Deňeşdirmek üçin, iPhone 15 Pro Max kamerasynyň bahasy 70 dollar.
A18 Pro prosessorynyň önümçilik çykdajylary bolsa, 40 dollardan 45 dollara çenli ýokarlandy.
Analitikler 2024-nji ýylyň dördünji çärýeginde Apple-iň takmynan 80 million iPhone öndürjekdigini çaklaýarlar, şolardan 65 milliony iPhone 16 bolar. Pro we Pro Max modelleriniň geçen ýylkydan has gowy satylmagyna garaşylýar.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...