YouTube platformasy Shorts-yň dowamlylygyny üç minuda çenli artdyrýar

  • 07.10.2024 13:23
  • 2.1k+

YouTube wideoplatformasy 15-nji oktýabrdan Shorts formatyndaky gysga wideolaryň dowamlylygyny bir minutdan üç minuda çenli uzaldýar. Bu täzelik öz pikirlerini iş ýüzüne geçirmek üçin has köp wagt isleýän mazmun döredijilerden gelen köp haýyşlara jogap hökmünde ýüze çykdy diýip, RIA Nowosti habar berýär.

“Bu funksiýa döredijileriň arasynda iň köp isleg bildirilen funksiýa boldy, şonuň üçin biz öz wakaňyzy gürrüň bermäge köpräk mümkinçilik hödürleýändigimize begenýäris” – diýlip, kompaniýanyň habarynda aýdylýar.

Mundan başga-da, YouTube ulanyjylara mazmuny has gowy dolandyrmaga kömek etjek täzelenmeleri hödürlär. Hususan-da, esasy lentada az Shorts görmäge mümkinçilik berýän funksiýa giriziler. Şeýle-de, wideo döretmek işini ýönekeýleşdirmek üçin şablonlar we bar bolan wideolar bilen remiksleri döretmegiň kämilleşdirilen ulgamy elýeterli bolar.


16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

14.06.2026 14:07
3.9k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....

30.05.2026 11:28
1.5k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......

20.05.2026 10:19
1.5k+

YouTube we Snap sosial ulgamlaryň okuwçylara täsiri baradaky kazyýet işini kadalaşdyrdylar

YouTube wideohostingi we Snap kompaniýasy Kentukki ştatynyň Breýsitt mekdep okrugynyň platformalary kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ruhy saglygyna sosial ulgamlaryň ýaramaz täsirinde aýyplan kazyýet işi boýunça......