Tehasda dünýäde ilkinji  3D printerde çap edilen oteliň gurluşygy başlandy

  • 07.10.2024 11:59
  • 11k+

Tehasda (ABŞ), Marfa şäheriniň çetinde 3D çap usulynyň kömegi bilen gurlan dünýäde ilkinji oteli döretmek taslamasy durmuşa geçirilýär. Myhmanhana we kemping hökmünde hereket edýän El Cosmico oteli 16 gektar meýdanda 43 myhmanhana otagynyň we 18 ýaşaýyş jaýynyň goşulmagy bilen giňeldiler diýip, Smithsonian Magazine neşiri habar berýär.

El Cosmico-nyň eýesi Liz Lambert taslamany 3D çap usulyna ýöriteleşen ICON kompaniýasy we Bjarke Ingels Group binagärlik topary bilen bilelikde durmuşa geçirýär.
Desga ICON-dan Vulcan 3D printeriniň ulanylmagy bilen gurulýar. Gurulýan ilkinji iki bloguň bir gatly diwarlary (beýikligi 3,7 metr) üç ýatylýan otagly ýaşaýyş giňişligi we bir otagly myhmanhana blogudyr. Olar Lavacrete atly semente esaslanýan ýörite materialdan çap edilýär.
Bu garyndy berklik we uly göwrümlilik üçin işlenip taýýarlandy, şol sebäpli iri gurluşyk desgalary üçin amatlydyr. Işçiler garyndylary howa şertlerine baglylykda sazlaýarlar we garýarlar, sebäbi çyglylyk, temperatura we ýagtylyk materialyň ýagdaýyna we hatda ahyrky reňkine-de täsir edýär. 

Lambertiň aýtmagyna görä, bu tehnologiýa adaty gurluşyk usullary bilen durmuşa geçirmek kyn bolan özboluşly binagärlik çözgütlerini döretmäge mümkinçilik berýär.
El Cosmico-nyň giňeldilmeginiň 2026-njy ýyla çenli tamamlanmagyna garaşylýar. Täze otelde ýaşaýşyň bahasy bir gije üçin 200 – 450 dollar aralygynda bolar.
Hünärmenler 3D çap usulynyň geljekde hünärli zähmeti talap edýän iş orunlarynyň sanyny azaltmak bilen, gurluşyk pudagyna uly täsir edip biljekdigini belleýärler.


düýn 16:10
2.9k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
1.9k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
5.9k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
964

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....