TechRadar: iOS 19-da “myhman režimi” funksiýasy peýda bolar

  • 06.10.2024 14:36
  • 6.5k+

Apple iOS 19 üçin täze funksiýanyň - "myhman režimini" döretmegiň üstünde işleýär, bu iPhone-nyň eýelerine smartfonyny başga birine ulanmaga berenlerinde şahsy maglumatlaryny goramaga mümkinçilik berer.

TechRadar-yň berýän maglumatlaryna görä, kompaniýa smartfonda eýesiniň şahsy maglumatlary elýeter bolmajak aýratyn ýer döretmegiň mümkinçiligini beýan edýän patenti bellige aldyrdy. Ulanyjy myhmanlara haýsy maglumatlaryny görkezip biljekdigini özbaşdak kesgitläp biler.
Bu funksiýa çagalara oýun oýnamak üçin smartfon berlende ýa-da jaň etmek, surata düşürmek üçin başga birine bermeli bolanda ýerine düşüp biler. Üçünji tarapyň smartfona girmegi ikinji parol ýa-da myhman režimini ýörite işjeňleşdirmek bilen ygtyýarnama arkaly mümkin bolar.
Mundan başga-da, iPhone-yň eýesi iPad ýa-da Mac ýaly beýleki enjamlardan myhman režiminiň sazlamalaryny dolandyryp biler.
Aýratyn ulanyjy akkauntlaryny döretmek üçin macOS-da eýýäm şuňa meňzeş funksiýa bar.
Bu täzelik  iOS 18-e goşulmaz, çünki bu wersiýa degişli ähli täzelenmeler 2024-nji ýylyň tomsunda hödürlenipdi. Bu funksiýa, ähtimal, iOS 19-da peýda bolar, ýöne Apple-iň ony soňa goýmagy ýa-da ideýadan düýbünden ýüz öwürmegi-de mümkin.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...