Taraplary 5 mm bolan dünýäde iň kiçijik Rubigiň kubigi hödürlendi

  • 06.10.2024 11:27
  • 6.7k+

Ýaponiýanyň MegaHouse kompaniýasy Rubigiň kubiginiň dünýäde iň kiçijik modelini hödürledi. Ol şeýle bir kiçi welin, ony düzmek üçin jüpdek (pinset) gerek bolup biler diýip, CNN habar berýär.

Bu Rubigiň kubigi alýuminden ýasaldy we onuň her tarapy 5 mm bolup, agramy bary-ýogy 0,3 g barabar. Bu ini 2,2 dýuým töweregi (5,6 sm) bolan asyl kubigiň ölçeginiň, takmynan, müňden bir bölegidir.
MegaHouse kompaniýasy bu Rubigiň kubiginiň konsepsiýasynyň üstünde dört ýyl ozal işlenip başlanandygyny, önümçiligiň bolsa 2022-nji ýylda başlandygyny aýtdy. Şu ýylyň awgust aýynda Ginnesiň rekordlar kitaby bu kubigi dünýäde iň kiçijik aýlanýan tapmaça kubigi diýip ykrar etdi.
MegaHouse kompaniýasy tarapyndan ýasalan Rubigiň kubigi 2016-njy ýylda 5,6 mm ölçegde kubigiň öz wersiýasyny döreden britaniýaly dizaýner Toni Fişeriň rekordyny täzeledi.
Mikrokubigiň bahasy, takmynan, 5320 dollara barabar. Ýokary bahasy sebäpli ol gündelik türgenleşmeler üçin tapmaça gurluşy däl-de, has dogrusy, kolleksiýa predmeti bolsa gerek. Her bir nusga “Dünýäde iň kiçijik Rubigiň kubigi” ýazgysy bilen satylýar. 
Model 1974-nji ýylda wengriýaly professor Erne Rubik tarapyndan oýlanyp tapylan asyl Rubigiň kubiginiň döredilmeginiň 50 ýyllygyna bagyşlanýar. Kubik deslapky sargyt üçin eýýäm elýeterli, onuň üpjünçiligi indiki ýylyň aprel aýynda başlar.


17.04.2026 16:25
3.8k+

Deňiz kirpileri "mineral hazynalarynyň" ýygnaýjylary bolup çykdy

Ýaponiýanyň kenarýakasynda ýaşaýan deňiz kirpileri seýrek minerallary ýörite diwertikulalarda ýörite ýygnaýarlar, olar bolsa çökündiniň diňe ýüzden bir bölegini düzýär. Bu barada “Deňiz biologiýasy žurnaly”......

16.04.2026 18:02
4.1k+

Ýapon blokbasteri «Godzilla: Minus nol» filminiň ilkinji tizeri çykdy

Internetde «Godzilla: Minus nol» filminiň resmi tizeri peýda boldy. Bu film 2023-nji ýyldaky uly meşhurlyk gazanan blokbasteriň göni dowamy bolup, ol şu ýylyň noýabr aýynda halkara prokatyna çykmaga......

14.04.2026 16:19
1.7k+

Tokioda türkmen milli lybaslarynyň we şaý-sepleriniň sergisi açyldy

Tokionyň «The Shoto Museum of Art» sungat muzeýinde 10-njy aprelde gadymy türkmen milli lybaslarynyň, el işleriniň, keşdeçilik we zergärçilik önümleriniň sergisi açyldy. Çäre «Merkezi Aziýanyň el işleri»......

07.04.2026 14:25
5.7k+

Ýaponiýa iş wizalaryny almak üçin täze talaplary girizýär

Ýaponiýanyň hökümeti inžener, halkara hyzmatlary boýunça hünärmen we ynsanperwer ylymlary pudagyndaky wiza almak isleýänlerden ýapon dilini bilýändigi barada resmi tassyknamany talap etmek barada karar kabul......