Adobe ösen AI aýratynlyklary bolan Photoshop Elements we Premiere Elements 2025 çykardy

  • 05.10.2024 12:08
  • 6.2k+

Adobe kompaniýasy Photoshop Elements-iň we Premiere Elements 2025-iň emeli aň bilen işleýän täze aýratynlyklary bolan täzelenen wersiýalaryny çykardy. Surat we wideo redaktirlemäge niýetlenen programma üpjünçiliginiň bu "ýeňilleşdirilen" wersiýalarynyň her biri 89,99 dollar. Toplumda iki programmanyň bahasy 129,99 dollar bolar diýip, 3DNews ýazýar.

Photoshop Elements 2025 suratlary redaktirlemegi aňsatlaşdyrýan aýratynlyklary goşdy. Hususan-da, zerur däl zatlary bir hereketde aýyrmaga mümkinçilik berýän Remove we Object Removal Guided Edit AI gurallary bar. Şeýle hem obýektleriň reňkini üýtgedip, boke effektlerini goşup bolýar.
Premiere Elements 2025 kämilleşdirilen wagt çyzgysyny we täze çalt gurallary hödürleýär. Ak reňki deňagramlaşdyrmak funksiýasy reňkiň köpelmegini gowulandyrýar we dinamiki atlar üçin taýýar şablonlar bolsa wideony çaltlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Bir gezek basmak bilen birnäçe ýere wideo eksport etmek üçin goldaw goşuldy.
Iki programma hem indi Mac enjamlarynda öndürijiligi ýokarlandyrýan Apple M3 çiplerini goldaýar. Şeýle hem, Adobe sosial media ýerleşdirmezden ozal suratlary redaktirlemek ukybyny goşmak üçin web we ykjam programmalar-kompanýonyny täzeledi.
Ulgamyň talaplary:

  • Windows: 6-njy nesil Intel prosessory ýa-da ondanam täze, Windows 10 ýa-da 11, 8 GB RAM, 9 GB boş ýer. Microsoft DirectX 12 bilen gabat gelýän ses we displeý draýweri.
  • macOS: 6-njy nesil Intel prosessory ýa-da Apple M1 ýa-da has soňraky, macOS 13 ýa-da 14, 8 GB RAM, 10 GB boş ýer.

Şeýle hem, onlaýn mazmuny we wagtlaýyn faýllary göçürip almak üçin  maglumat toplaýjyda goşmaça ýer gerek. Ekranyň durulygy 1440 x 900 bolmaly (100% ulaldyjy koeffisiýentde).


26.02.2026 09:36
2k+

Citrini Research-iň emeli aň baradaky hasabaty ABŞ-nyň birža indekslerini sarsdyrdy

ABŞ-nyň gazna bazary hepdäniň başyny howsalaly görkezijiler bilen açdy. Geň tarapy, munuň sebäbi iri korporasiýalaryň maliýe hasabatlary ýa-da döwlet düzgünleşdirijileriniň kararlary däl-de, eýsem Citrini Research toparynyň emeli aň (EA) baradaky täze ylmy hasabaty boldy...

17.02.2026 19:35
2.8k+

Ýewroparlamentiň deputatlary iş planşetlerinde emeli aňsyz galdylar

Ýewropa parlamenti howpsuzlyk maksady bilen, deputatlaryň korporatiw planşetlerindäki emeli aň funksiýalaryny öçürdi. Bu barada Euractiv neşiri habar berýär. Şeýle karar kiberhowpsuzlyk we şahsy maglumatlary goramak boýunça hünärmenleriň maslahaty esasynda kabul edildi...

07.02.2026 12:51
1.3k+

Google golda baryny gaýgyranok: kompaniýa EA üçin şu ýyl 185 mlrd dollar çykdajy etmekçi

Google kompaniýasy emeli aňy ösdürmek üçin düýpli maýa goýumlaryny ep-esli artdyrmagy meýilleşdirýändigini yglan etdi. Muny Business Insider neşiri habar berýär. Gözleg gigantynyň enelik kompaniýasy bolan Alphabet geljek ýyl çykdajylaryň 175–185 milliard dollar boljakdygyny çaklaýar...

29.01.2026 10:25
4.5k+

Emeli aňyň adaty zada öwrülen ýerleri: Ýurtlar boýunça ornaşdyrylyş kartasy

2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda dünýäniň zähmete ukyply ilatynyň 16,1%-i emeli aňy ulandy. Bu görkeziji EA tehnologiýalarynyň entek jemgyýetiň diňe belli bir bölegine ýaýrandygyny we geljekde ösmek üçin uly mümkinçilikleriniň bardygyny aňladýar...