Iň gymmat kompýuter Apple M0001 ýene-de satuwa çykarylar

  • 05.10.2024 11:54
  • 10k+

2024-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Bonhams auksionynda Apple-iň iň gymmat we iň seýrek kompýuterleriniň biri – Macintosh-yň M0001 belgili prototipi ýene-de satuwa çykarylar.

Bu kompýuteriň aýratynlygy, onuň 1984-nji ýyllarda çykarylan tapgyrlaýyn Macintosh modellerinde ulanylmadyk 5,25 dýuým Twiggy (FileWare) disk okaýjysy bilen üpjün edilmegidir.
Prototip eýýäm 2019-njy ýylda Bonhams auksionynda rekord goýdy, şol wagt ol 150 075 dollara satyldy we bu ony auksionda satylan iň gymmat Apple kompýuterine öwürdi. Bu gezek hünärmenler ony 80 000 – 120 000 dollar bilen bahalandyrýarlar.
Deňeşdirmek üçin, Stiw Jobs we Jef Raskin tarapyndan gol goýlan Macintosh 128K esasy platasy 132 049 dollara, Jobs tarapyndan Next kompaniýasynda ulanylan Macintosh SE kompýuteri bolsa 126 375 dollara satyldy.
Gyzykly ýeri, Macintosh-yň Twiggy disk okaýjysy bolan tapgyrlaýyndan öňki wersiýalary ygtybarsyzlygy sebäpli Stiw Jobsuň buýrugy bilen ýok edildi. Ýöne M0001 prototipi MacWrite programmasyny işläp düzüjiler tarapyndan halas edildi. 2014-nji ýylda kompýuter Mac-yň 30 ýyllygy mynasybetli görkezilip, Stiw Woznýak we Macintosh-yň işläp düzüjiler toparynyň birnäçe agzasy tarapyndan işledildi we ulanyldy.


düýn 16:33
2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...