Toyota uçýan taksileriň önümçiligine $500 mln maýa goýar

  • 04.10.2024 22:03
  • 11k+

Ýaponiýanyň öňdebaryjy awtomobil konserni Toyota Motor täjirçilik ýolagçy gatnawlary üçin aerotaksileri öndüriji kompaniýa Joby Aviation-a $500 mln maýa goýar. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugyna salgylanyp, TASS habar berýär.

“Toyota Motor Corporaion we Joby Aviation şu gün iki kompaniýanyň howa hereketi baradaky umumy göz ýetirişini durmuşa geçirmek maksady bilen Toyota-nyň Joby elektrik howa taksisiniň şahadatnamalaşdyrylmagyny we täjirçilik önümçiligini goldamak üçin goşmaça $500 mln maýa goýjakdygyny yglan etdiler” – diýlip, resminamada aýdylýar.

Maliýeleşdiriş 2024-nji ýylyň ahyrynda we 2025-nji ýylda iki deň tranşda amala aşyrylar. Muňa jogap hökmünde Toyota amerikan startapynyň paýnamalaryny alar.
Täjirleşdirmegiň birinji tapgyry üçin önümçilik bileleşigini döretmek meýilleşdirilýär. Şeýlelikde, ýapon konserniniň Joby Aviation-a umumy maýa goýumy 894 mln dollara ýeter. Kompaniýalar hyzmatdaşlygy ýedi ýyl bäri dowam etdirýär.
Belläp geçsek, ýakynda Joby-nyň Kaliforniýadaky önümçilik hataryndan uçýan enjamyň üçünji prototipi çykdy. Görkezmek üçin niýetlenen wodorod-elekrik howa taksisi synaglaryň dowamynda goşmaça ýangyç guýmazdan 900 km-den gowrak aralygy uçup geçdi.


24.06.2026 14:05
4.8k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.1k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......