Pitchfork neşiri 2020-nji ýyllaryň iň gowy albomlaryny saýlady: birinji orunda Fiona Eppl

  • 04.10.2024 21:59
  • 4.8k+

Pitchfork neşiri 2020-nji ýyllaryň iň gowy 100 albomynyň sanawyny hödürledi. Reýtingde birinji orny 2020-nji ýylyň 17-nji aprelinde çykan Fetch the Bolt Cutters albomy bilen Fiona Eppl eýeledi. Art-pop aýdymçynyň bäşinji studiýa albomyna wokal, şeýle-de aýdym-saz gurallary hökmünde hojalyk predmetleriniň ulanylyşy üçin ýokary baha berildi. Eppl aýdymlary, esasan, Wenis-Biçdäki öýünde ýazdy we bu hem pandemiýa döwürlerinde diňleýjileriň ünsüni özüne çekdi.

Albom 63-nji Gremmi baýragynyň gowşurylyş dabarasynda alternatiw aýdym-saz kategoriýasynda iň gowusy diýlip ykrar edildi, “Shameika” aýdymy bolsa iň gowy rok ýerine ýetirilişi üçin baýrak aldy. Şeýle-de, albom Metacritic internet agregatorynda 100 baldan 100 bal alyp, saýtyň taryhynda 100 bal alan ilkinji albom, şeýle-de onuň taryhynda iň ýokary baha alan albom boldy.
Sanawda ikinji orny repçi Playboi Carti-niň batyrgaý stil dekonstruksiýasy üçin ýokary baha alan Whole Lotta Red albomy (2021) eýeledi.
Üçünji orunda Cinde Lee toparynyň Diamond Jubilee albomy (2024) ýerleşdi. Syn berijiler toparyň lideri Patrik Flegeliň aýdymlarynyň köne modalylygyna, şeýle-de “olaryň döredijiliginiň elýeterli bolmazlygyna” ýokary baha berdiler – olaryň aýdymlary akym platformalarynda ýok, olar winil we disk diňleýjileri üçin hem elýeterli däl.

Iň gowy albomlaryň ilkinji onlugy şu aşakdakylardan ybarat:

  1. Fiona Eppl — Fetch the Bolt Cutters (2020)
  2. Playboi Carti — Whole Lotta Red (2021)
  3. Cindy Lee — Diamond Jubilee (2024)
  4. SZA — SOS (2022)
  5. Beýonse — Renaissance (2022)
  6. Veeze — Ganger (2023)
  7. Charli XCX — Brat (2024)
  8. Rozaliýa — Motomami (2022)
  9. Chuquimamani-Condori — DJ E (2023)
  10. Waxahatchee — Saint Cloud (2020)

Şeýle-de, ilkinji 30 albomyň arasynda Lana Del Reýiň, FKA Twigs-iň we Kendrik Lamaryň albomlary-da bar, ýöne The Weeknd, Dua Lipa we Teýlor Swift ýaly aýdymçylaryň albomlary hatda ilkinji 50-lige-de girmedi.

düýn 17:04
1.9k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....