YouTube tötänden tutuş dünýä boýunça ulanyjylaryň akkauntlaryny blokirledi

  • 04.10.2024 16:11
  • 12k+

YouTube ABŞ, Ýewropa we Aziýa ýaly dünýäniň dürli sebitlerinden ulanyjylaryň akkauntlaryny ýalňyşlyk bilen blokirledi. YouTube kompaniýasy bu meseläni boýun alyp, resmi blogunda ýagdaýy düzetmegiň üstünde eýýäm işleýändigini habar berdi.

Akkauntlar, hamala, “spam, aldawçylykly amallar we kezzapçylyk syýasatynyň” bozulandygy üçin bloklanypdyr. Akkauntlaryň blokirlenendigi baradaky habar ulanyjylara elektron poçta arkaly iberildi. Käbir ýagdaýlarda ulanyjylar ýüz tutmak arkaly akkauntlaryna elýeterliligi dikeldip bildiler.
Google-yň wekilleri ulanyjylardan ötünç sorap, akkauntlaryň we tölegli ýazylyşyklara (YouTube TV, YouTube Premium и YouTube Music) elýeterliligiň dikeldiljekdigine ynandyrdy. 

“Biz goýberen ýalňyşlygymyz üçin gynanýarys we ähli zat düzedilenden soň size habar bereris. Eger siziň kanalyňyz tötänleýin bozulan we dikeldilen bolsa, siz käbir mazmunyň, mysal üçin, pleýlistleriň ýok bolup biljekdigini görersiňiz. Alada etmäň – bu wagtlaýyn we ähli mazmunyňyz tiz wagtdan dikeldiler” diýip, Google düşündirdi.


16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

14.06.2026 14:07
3.9k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....

30.05.2026 11:28
1.5k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......

20.05.2026 10:19
1.5k+

YouTube we Snap sosial ulgamlaryň okuwçylara täsiri baradaky kazyýet işini kadalaşdyrdylar

YouTube wideohostingi we Snap kompaniýasy Kentukki ştatynyň Breýsitt mekdep okrugynyň platformalary kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ruhy saglygyna sosial ulgamlaryň ýaramaz täsirinde aýyplan kazyýet işi boýunça......