Dreýkiň “It’s All a Blur” konsert syýahaty taryhda iň girdejili hip-hop syýahaty boldy

  • 03.10.2024 14:04
  • 3.9k+

Kanadaly repçi Dreýkiň “It’s All a Blur” konsert-syýahatynyň çäklerinde geçirilen konsertler üçin petek satuwlarynyň gutarnykly netijesi yglan edildi. Garaşylyşy ýaly, ol taryhda iň köp satylan hip-hop syýahaty boldy.

80 konsertden ybarat bolan syýahat, umuman, 320,5 mln dollar ýygnady. Jemi 1,3 mln petek satyldy. Bu barada Genius neşiri öz sosial ulgamlarynda habar berdi diýip, news.mail.ru belleýär.
“It’s All a Blur Tour” kanadaly repçi Dreýkiň Atlantadan repçi Savage 21 bilen ilkinji bilelikdäki “Her Loss” albomyna (2022) we sekizinji “For All the Dogs” studiýa albomyna (2023) goldaw hökmünde bäşinji konsert syýahaty boldy. Syýahat 2023-nji ýylyň 5-nji iýulynda Çikagoda başlady, onuň birinji tapgyry 7-nji oktýabrda Torontoda tamamlandy. Ikinji tapgyr 2024-nji ýylyň 2-nji fewralynda Tampada başlap, 4-nji aprelde Nýuarkda tamamlandy. Bu Dreýkiň soňky bäş ýylda Demirgazyk Amerika boýunça ilkinji konsert-syýahaty boldy.


şu gün 13:25
2.1k+

2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin Sietlde suwda ýüzýän fan-zona açylar

Sietlde 2026-njy ýylyň 11-nji iýunyndan 6-njy iýulyna çenli futbol boýunça dünýä çempionatynyň suwda ýüzýän fan-zonasy hereket eder. «Seattle Soccer Celebration» atly bu taslama Elliott aýlagynyň suwunda,......

26.01.2026 13:11
2k+

Southwest Airlines ABŞ-nyň iň gowy awiakompaniýalarynyň reýtinginde birinji boldy

«The Wall Street Journal» amerikan gazeti ABŞ-nyň iň uly awiakompaniýalarynyň ýyllyk reýtingini hödürläp, dokuz awiagatnadyjynyň iş görkezijilerine baha berdi. Ýylyň jemi boýunça ýolagçy sany nukdaýnazaryndan ýurduň iň uly içerki awiakompaniýasy bolan Southwest Airlines öňdebaryjy hökmünde saýlandy...

19.12.2025 17:21
15k+

ABŞ grin-kart utuş maksatnamasyny dolulygyna togtadýandygyny yglan etdi

ABŞ-nyň hökümeti raýatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen immigrasiýa wizalaryny (DV1) utuş maksatnamasyny gyssagly ýagdaýda togtatmak barada çözgüt kabul etdi. Donald Trampyň degişli buýrugy barada ýurduň içerki howpsuzlyk ministri Kristi Noem habar berdi...

18.12.2025 11:29
21k+

ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky wiza düzgünlerine ýeňillikler girizildi

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň raýatlarynyň immigrasiýa däl wizalaryň B-1, B-2, B-1/B-2, F, M we J kategoriýalary boýunça ABŞ-a girmegine goýlan çäklendirmeleri ýatyrdy. Degişli üýtgeşmeler 2025-nji ýylyň dekabr aýynda neşir edilen Ak Tamyň täzelenen Kararynda berkidildi...