Şu ýyl amerikalylar “Halloween” baýramçylygyna $11,6 mlrd sarp etmegi meýilleşdirýär

  • 02.10.2024 18:25
  • 4.8k+

Şu ýyl amerikalylaryň 31-nji oktýabrda bellenilýän “Halloween” baýramçylygy üçin çykdajylary geçen ýylky taryhy görkezijiden peseler. Muny Milli bölek söwda federasiýasynyň (NRF) her ýyl geçirilýän pikir soraşmasynyň netijeleri delillendirýär diýip, Interfax.ru habar berýär.

Şu ýyl çykdajylaryň umumy möçberiniň 2023-nji ýyldaky 12,2 mlrd dollar bilen deňeşdirilende, 11,6 mlrd dollar bolmagyna garaşylýar.
“Halloween” baýramçylygyny bellemäge bir ýyl ozalky rekord 73% bilen deňeşdirilende, sorag edilenleriň 72%-i gatnaşmagy meýilleşdirýär. Şol bir wagtyň özünde, sarp edijiler baýramçylyga ortaça 103,63 dollar harçlamagy meýilleşdirýärler, bu bolsa geçen ýylky iň ýokary görkeziji bolan 108,24 dollardan azdyr diýlip, NRF-iň habarynda aýdylýar.
Çykdajylaryň ep-esli bölegi geýilýän dürli hilli geýimleriň paýyna düşýär. Ulular üçin geýimleriň arasynda iň köp saýlanýany henizem jadygöý aýal (5,8 mln adam) we wampirdir (3 mln), olaryň yzyndan pişik (1,6 mln), Betmen (1,5 mln) we garakçylar (1,4 mln) gelýär.
Çagalaryň arasynda Spaýdermeniň geýimi has meşhur (2,6 mln adam). Şeýle-de, arwahyň (1,8 mln), şa gyzynyň (1,7 mln) we jadygöýiň (1,6 mln) geýimleri has makul bilinýär.
Öý haýwanlary üçin kädi (10%), hot-dog (6%), ýarganat (4%) we ş.m. saýlanýar.
Baýramçylykda çagalara paýlanýan süýjüler üçin şu ýyl 3,5 mlrd dollar sarp ediler. Ýene 3,8 mlrd dollar öýleri bezemek, 0,5 mlrd dollar otkrytkalar üçin harçlanar.
3 – 8-nji sentýabrda NRF tarapyndan geçirilen pikir soraşma tas 8 müň amerikaly gatnaşdy.


düýn 23:56
1.2k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

25.06.2026 14:47
5.1k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......

22.06.2026 00:57
5.6k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......