Hindistandaky iPhone komponentlerini öndüriji zawod ýangyn sebäpli önümçiligi wagtlaýyn togtatdy

  • 02.10.2024 18:13
  • 7.2k+

Apple kompaniýasynyň iPhone smartfonlary üçin düzüm böleklerini öndürýän Tata Electronics kompaniýasynyň zawodyndaky önümçilik dynç günleri bolup geçen ýangyndan soň näbelli möhlet bilen togtadyldy. Bu barada kompaniýanyň resmi wekillerine salgylanyp, “Golos Ameriki” habar berýär.

“Biz ýangyn söndüriji ulaglary zawodda ýerleşdirdik, sebäbi heläkçilik wagtynda ýykylan üçekler aýrylanda gaýtadan ot almak ýa-da tüsse çykmak ähtimallygy bar” – diýip, etrap ýangyn gullugynyň wekili M.Belu Reuters agentligine aýtdy.

Ýangyn şenbe güni irden Tamilnad ştatyndaky zawodda boldy we netijede 10 adam şikes aldy, önümçilik bolsa togtadyldy. Apple bu waka teswir bermedi, Tata Electronics häzirki wagtda ýangynyň sebäbiniň derňelýändigini aýtdy.
Zawod iPhone üçin möhüm yzky panelleri we käbir beýleki bölekleri öndürýär. Şol toplumda ýene bir desga ýylyň ahyryna çenli iPhone ýygnap başlamalydy, ýöne häzirlikçe oňa näderejede zeper ýetendigi belli däl.
Hindistanyň 165 mlrd dollar bahaly Tata Group senagat toparynyň düzümine girýän Tata Electronics Taýwanyň Foxconn kompaniýasy bilen birlikde Apple-iň Hindistanda esasy üpjün edijileriniň biridir.


19.05.2026 09:37
4.4k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....