Dünýäde ilkinji çeýe prosessor hödürlendi: hatda düýrlenen ýagdaýynda-da işleýär

  • 01.10.2024 15:30
  • 6k+

Pragmatic Semiconductor kompaniýasy Garward uniwersiteti we Şwesiýanyň gözleg we tehnologiýa kompaniýasy Qamcom bilen bilelikde döredilen dünýäde ilkinji çeýe RISC-V mikroprosessoryny hödürledi.

Bu 32-razrýadly gurluş hatda düýrlenen ýagdaýynda-da işe ukyplylygyny saklaýar. Işläp düzüjiler tarapyndan hödürlenen wideoda altynsow lentada ýerleşdirilen mikroshemalaryň öz funksionallygyny ýitirmän, steržen bilen nähili towlanýandygy görkezilýär.
Prosessor gurnalan maşyn biliminiň mümkinçiliklerine eýedir. Işläp düzüjileriň aýtmagyna görä, bu oýlap tapyş hasaplaýyş mümkinçiliklerini talap edýän dakylýan gurluşlar we bir gezeklik lukmançylyk önümleri üçin esas bolar.
Çeýe tehnologiýanyň ulanylmagy täze elektron ulgamlaryň döredilmegine ýol açýar.
FlexIC tehnologiýasy prosessorlara zeper ýetmekden goramak zerurlygy bolmazdan, egreltmä we mehaniki dartgynlylyga çydamly bolmaga mümkinçilik berýär. Bu önümçiligiň bahasyny ep-esli arzanladyp, şeýle gurluşlary köpçülikleýin bazara çykarmaga ýakynlaşdyrýar.
Işläp düzüjileriň pikiriçe, bu önüm “akylly” plastyr ýaly täze nesil akylly gurluşlar üçin möhüm esas bolar diýip, Nature ylmy neşiri ýazýar.


düýn 23:26
763

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.5k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....