Samsung Galaxy S24 FE çykdy: emeli aňly we 10-ýadroly Exynos 2400e-li elýeterli smartfon

  • 30.09.2024 14:18
  • 10k+

 

Samsung kompaniýasy has özüne çekiji bahadan flagman tehnologiýalaryna elýeterliligi hödürleýän täzelenen Galaxy S24 FE smartfonyny tanyşdyrdy diýip, 3DNews ýazýar.

Galaxy S24 FE öňküsinden kämilleşdirilen prosessory, has uly batareýasy, şeýle hem OneUI 6.1.1-e integrirlenen täze AI aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Enjam dört reňkde bolup, 3-nji oktýabrda satuwa çykarylar.

Häsiýetnamasy:
Ekrany: 6,7 dýuýmlyk Dynamic AMOLED 2X, 2340 × 1080 piksel, 120 Gs, Gorilla Glass Victus +
Prosessory: Samsung Exynos 2400e (10 ýadro: 1x Cortex-X4 3.1 GGs, 5x Cortex-A720 2,6-2,9 GGs, 4x Cortex-A520 2,0 GGs)
Ýady: 8 GB RAM, 128/256/512 GB ROM
Kameralary:

  • Öň tarapky: 10 MP, f / 2.4, awtofokus
  • Esasy: 50 MP, f / 1.8, Dual Pixel, optiki stabilizasiýa
  • Giň burçly: 12 MP, f / 2.2
  • Telefoto: 8 MP, f / 2.4

Batareýasy: 4700 mA·h
Ölçegleri: 162 × 77,3 × 8,0 mm
Agramy: 213 gr
Gorag: IP68
Operasiýa ulgamy: Android 14, OneUI 6.1.1
Reňkler: “grafit”, “çal”, “mawy”, “narpyz”
Bahasy: 649 $ -dan başlaýar (128 GB wersiýa üçin)
Çykjak senesi: 3-nji oktýabr


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...