Xiaomi Redmi Note 14 5G smartfonyny we simsiz Redmi Buds 6 gulaklygyny hödürledi

  • 30.09.2024 11:43
  • 6.2k+

Xiaomi kompaniýasy Redmi Note 14 5G modeli bilen smartfonlar hatarynyň üstüni ýetirdi. Täze önümde FHD+ durulygy we täzeleniş tizligi 120 Hz bolan 6,67 dýuýmlyk OLED displeý, şeýle hem Corning Gorilla Glass 5 gorag aýnasy bar diýip, GSMArena ýazýar.

Redmi Note 14 5G-niň tehniki häsiýetnamasy:

  • Ekrany: 6.67 dýuýmlyk OLED, FHD +, 120 Gs, iň ýokary ýagtylygy 2100 kd / m2 çenli
  • Prosessory: MediaTek Dimensity 7025 Ultra, 2,5 GGs
  • Ýady: 6/8/12 GB RAM, 128/256 GB içerki, microSD goldawly
  • Kameralary: 50 MP (esasy, Sony LYT-600, optiki stabilizasiýa), 2 MP (makro)
  • Batareýasy: 5110 mAh, 45 Wt çalt zarýad bermek
  • Programma üpjünçiligi: Xiaomi Hyper OS (Android 14)
  • Bahasy: 1199 ýuandan ($ 170) başlaýar

Redmi Note 14 5G üç reňkde bolýar: Starry White, Phantom Blue we Midnight Black.

Smartfon bilen bir hatarda, Xiaomi Redmi Buds 5-iň mirasdüşeri bolan simsiz Redmi Buds 6 gulaklyklaryny hödürledi.

Redmi Buds 6-nyň esasy aýratynlyklary:

  • Draýwerleri: 12,4 mm dinamiki (titan) we 5,5 mm pýezoelektrik twitterleri
  • Galmagaly basyşy: 49 dB-ä çenli işjeň galmagaly basyş (ANC), üç režimde
  • Ses: 360 dereje giňişlikdäki ses, düzülip bilinýän ekwalaýzer
  • Baglanyşygy: Bluetooth 5.4, bir wagtyň özünde iki enjama birikdirip bolýar
  • Iş wagty: 42 sagada çenli (zarýad berijisi daşlykly)
  • Bahasy: 199 ýuan (30 dollar)

Redmi Buds 6 ak, gara we mawy reňklerde bolýar.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...