Xiaomi 15 smartfony Snapdragon 8 Elite çipli ilkinji smartfon bolar

  • 30.09.2024 10:41
  • 3.7k+

Xiaomi 15 smartfony öň Snapdragon 8 Gen 4 diýlip atlandyrylan Qualcomm-dan täze Snapdragon 8 Elite çibini aljak ilkinji gurluş bolar. Bu barada IXBT habar berýär.

Bu 3 nm çibiň öňki Snapdragon 8 Gen 3 wersiýasy bilen deňeşdirilende grafiki öndürijiligi 56% ýokarlandyrmagyna garaşylýar. Smartfonyň tanyşdyrylyşy 23-nji oktýabra meýilleşdirildi, bu bolsa çibiň bu seneden öň anons edilmegini görkezip biler.
Mundan başga-da, Xiaomi 15 Pro 90 Wt çalt zarýad goldawyny alar, bu 120 Wt goldawyny alan öňki nesilden pesdir. Gurluş bazara Android 15 esasly HyperOS 2.0 operasion ulgamy bilen iberiler.
Şeýle-de, Snapdragon 8 Elite çibiniň eýýäm Geekbench platformasynda görlen geljekki Samsung Galaxy S25 Ultra smartfonynda peýda boljakdygy habar berilýär.


06.02.2026 09:00
1.2k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.1k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...

16.01.2026 08:10
3.8k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

10.01.2026 10:30
2.9k+

Xiaomi täze Redmi Note 15-iň berkligini göni ýaýlymda synagdan geçirer

Xiaomi kompaniýasy Redmi Note 15 smartfonynyň berkligini subut etmek üçin ony göni ýaýlymda ýörite synaglara sezewar eder. «Titan tough» (Titan berkligi) şygary astynda geçiriljek bu täsin görkeziliş 10-njy ýanwarda Aşgabat wagty bilen sagat 13:00-da X (ozalky Twitter) sosial torunda başlanar...