Xiaomi ilkinji eplenýän Mix Flip smartfonyny global bazara çykarýar

  • 29.09.2024 11:14
  • 4.1k+

Xiaomi öň diňe Hytaý bazarynda elýeterli bolan eplenýän smartfony Mix Flip-iň global görnüşini resmi taýdan anons etdi. Bu Xiaomi-niň Hytaýyň çäginden çykýan ilkinji eplenýän smartfonydyr.

Mix Flip smartfony Snapdragon 8 Gen 3 prosessory, Leica kamerasy, 4,01 dýuým daşky displeý, 67 Wt zarýad beriş bilen 4780 mA/sag batareýa we Android 14 esasly HyperOS operasion ulgamy bilen üpjün edildi.
Ýewropada Mix Flip 1300 ýewro 12/512 GB wersiýada elýeterli we iki reňkde hödürlenýär: gara we liliýa.
Xiaomi Mix Flip-iň satuwy 3-nji oktýabrda başlar.
Xiaomi-niň resmi dükanynda 31-nji oktýabra çenli deslapky sargyt edilen ýagdaýynda 150 ýewro arzanladyş almaga mümkinçilik berýän ýörite kupon bar.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...