iPhone 16-da kamera dolandyryş düwmesini bejermegiň bahasy täze smartfonyň bahasyna barabar

  • 28.09.2024 14:47
  • 11k+

iPhone 16 çykandan soň, onuň täze kamera dolandyryş düwmesi esasy üns merkezine düşdi. GizmoChina-nyň habar bermegine görä, düwme dokuz komponentden durýar, bu bolsa onuň döwülmek ähtimallygyny ýokarlandyrýar.

Düwmedäki näsazlyk “beýleki zeperlenmeler” kategoriýasyna girýär. Bu näsazlygy bejermegiň bahasy iPhone 16 üçin 625 dollar, iPhone 16 Pro üçin bolsa 750 dollar.
Şol bir wagtda, täze iPhone modelleri degişlilikde 799 dollara we 999 dollara satylýar, bu bolsa döwlen smartfonyň bejerilmeginiň maksadalaýyk däldigini görkezýär.
Çeşmäniň bellemegine görä: “Abatlaýyş çykdajylarynyň esasy sebäbi, Apple-iň düzüm bölek meselelerini aýry-aýrylykda çözmegi däl-de, enjamy doly abatlamagy teklip etmegi bilen baglanyşyklydyr. Bu, esasanam, düwmäniň näsazlygynyň köp sanly kynçylyklar döredip bilýänligi sebäpli, has köp çykdajynyň çykmagyna getirip biler".
Apple-iň mahabat materiallaryna görä, täze düwme kameranyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmalydy, ýöne düwme ulanyjylarda nägilelik döretdi. GizmoChina-da ýazylmagyna görä, düwmäniň ýerleşişi oňaýsyz bolup, ol smartfonyň ergonomikasyny peseldýär.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...