Nýu-Ýork ýene-de dünýäniň maliýe merkezleriniň reýtinginde lider boldy

  • 28.09.2024 14:38
  • 4.4k+

Z/Yen Group Ltd kompaniýasy tarapyndan düzülen Global Financial Centres Index (GFCI) reýtingine görä, Nýu-Ýork dünýäniň öňdebaryjy maliýe merkezleriniň sanawynda öňdeligini saklady. Bu barada Interfaks habar berýär.

Indeksiň 35-nji sanynda Nýu-Ýork 763 bal alyp, Londondan (750 bal), Gonkongdan (749 bal) we Singapurdan (747 bal) öňde barýar.
8,5 müňe golaý adamdan pikir soraşmalara esaslanýan reýting Nýu-Ýorkuň öz ornuny 2018-nji ýylyň güýzünden bäri saklaýandygyny görkezýär. Şeýle-de bolsa, reýtingiň şu ýylyň mart aýynda neşir edilen öňki wersiýasy bilen deňeşdirilende, Nýu-Ýork bir bal ýitirdi, London bolsa üç bal goşdy.
Ilkinji onlukda üýtgeşmeler bolup geçdi: Çikago San-Fransiskodan öňe geçip, altynjy orna çykdy, Los-Anjeles Şanhaýdan öňe geçip, ýedinji orny eýeledi. Seul we Ženewa öňdebaryjylaryň onlugyndan çykdy, olaryň ornuny Şençžen we Frankfurt eýeledi.
Uly ösüş görkezen merkezleriň arasynda Dublin (25-nji orundan 14-nji orna galdy), Lugano (9 orun, 26-njy orna çenli ýokary galdy), Bermuda adalary (27 setir ýokary), Doha (24 setir) we Er-Riýad (21 setir) bar. Şol bir wagtyň özünde, Sidneý 10, Rim 22 we Stokgolm 16 setir aşak düşdi.
Gündogar Ýewropanyň we Orta Aziýanyň maliýe merkezleriniň arasynda reýtingde 62-nji orny eýeleýän Astana öňdebaryjydyr.


19.12.2025 17:21
12k+

ABŞ grin-kart utuş maksatnamasyny dolulygyna togtadýandygyny yglan etdi

ABŞ-nyň hökümeti raýatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen immigrasiýa wizalaryny (DV1) utuş maksatnamasyny gyssagly ýagdaýda togtatmak barada çözgüt kabul etdi. Donald Trampyň degişli buýrugy barada ýurduň içerki howpsuzlyk ministri Kristi Noem habar berdi...

18.12.2025 11:29
18k+

ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky wiza düzgünlerine ýeňillikler girizildi

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň raýatlarynyň immigrasiýa däl wizalaryň B-1, B-2, B-1/B-2, F, M we J kategoriýalary boýunça ABŞ-a girmegine goýlan çäklendirmeleri ýatyrdy. Degişli üýtgeşmeler 2025-nji ýylyň dekabr aýynda neşir edilen Ak Tamyň täzelenen Kararynda berkidildi...

09.11.2025 19:10
5.3k+

Dubaý barly adamlar üçin iň gowy şäherleriň reýtinginde öňdebaryjy boldy

Dubaý ýokary girdejili adamlar üçin iň özüne çekiji şäherleriň reýtinginde birinji orny eýeledi. Reýting Savills Plc emläk dellaly tarapyndan düzüldi. Barlagda dünýäniň 30 megapolisine baha berildi. Dubaý miras we kapital ösüşi üçin salgytlaryň ýokdugy, ösen infrastrukturasy, howpsuzlygyň ýokary derejesi we halkara mekdepleriň has köpdügi bilen reýtingiň başyna çykdy...

06.11.2025 18:53
9.2k+

ABŞ-nyň raýatlaryna Özbegistana wizasyz 30 günlük girmäge rugsat berler

2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap ABŞ-nyň raýatlary Özbegistana 30 güne çenli möhlet bilen wizasyz baryp biler. Bu barada Respublikanyň Prezidentiniň administrasiýasyna salgylanyp, “Interfaks” habar berýär...