ByteDance kompaniýasy TikTok Music aýdym-saz hyzmatyny ýapýar

  • 28.09.2024 11:19
  • 1.8k+

ByteDance kompaniýasy Indoneziýa, Braziliýa, Awstraliýa, Singapur we Meksika ýaly ýurtlarda elýeterli bolan TikTok Music aýdym-saz akym hyzmatynyň ýapylýandygyny yglan etdi.

Hyzmata ýazylmak 28-nji noýabrda awtomatik usulda bes ediler. Eger ulanyjylar öz pleýlistlerini başga platformalara geçirmek isleseler, muny görkezilen senä çenli etmelidir. Şeýle-de, noýabr aýynyň ahyryna çenli kompaniýa serişdeleri yzyna gaýtarmak boýunça ýüztutmalary kabul eder.
ByteDance beýleki akym hyzmatlary bilen bäsleşmegiň deregine, olar bilen hyzmatdaşlyk etmek isleýändigini aýtdy. Öň, fewral aýynda kompaniýa TikTok ulanyjylaryna aýdymlary Apple Music, Amazon Music we Spotify ýaly platformalarda pleýlistlere goşmaga mümkinçilik berýän Add to Music funksiýasyny işe girizdi.
TikTok Music ilkibaşda 2019-njy ýylda Hindistanda we Indoneziýada peýda bolan Resso önümine esaslanýar. 2023-nji ýylda ByteDance Braziliýada we Indoneziýada “Ressony” TikTok Music adyna üýtgetdi we ony Singapura, Awstraliýa we Meksika ýaýratdy. 2024-nji ýylyň başynda Resso Hindistanda gadagan edildi.


16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

17.05.2026 23:27
3.1k+

TikTok-da görüp oturan wideolaryňdan myhmanhanalary we syýahatlary göni bronlamak hyzmaty peýda boldy

TikTok kompaniýasy myhmanhanalary, gözel ýerleri we güýmenje ýerleri gözlemek hem-de bronlamak funksiýalaryny göni ykjam goşundynyň içine birleşdirýän TikTok GO hyzmatynyň resmi taýdan işe girizilendigini......

13.05.2026 20:01
4.5k+

TikTok ABŞ-da çagalaryň maglumatlary boýunça gozgalan dawany çözmek üçin 400 million dollar tölär

ABŞ-nyň hökümeti we TikTok sosial ulgamynyň ýolbaşçylygy kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylaryň gizlinliginiň bozulmagy bilen bagly giň gerimli derňew işi boýunça ylalaşyk baglaşmaga golaýlaşýarlar. Tölenjek......