iPhone 15 Pro Max 2024-nji ýylyň iň geçginli smartfonlaryň sanawynda birinji orunda durýar

  • 28.09.2024 10:54
  • 3.6k+

Omdia barlag kompaniýasynyň habaryna görä, iPhone 15 Pro Max 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda iň köp satylan smartfon boldy. Enjamyň 21,8 million sanysy iberildi diýip, IXBT ýazýar.

iPhone 15 Pro Max -yň öňdebaryjydygyna garamazdan, Apple -iň umumy satuwy soňky birnäçe ýylda azalmagyny dowam etdirýär. Deňeşdirmek üçin, 2023-nji ýylyň şol döwründe iň meşhur smartfon iPhone 14 Pro Max bolupdy we satuwy 26,5 milliona ýetipdi. 2022-nji ýylda iPhone 13 we iPhone 13 Pro Max degişlilikde 33,7 million we 23 million satuw mukdary bilen öňdebaryjy bolupdy.
2024-nji ýylyň birinji ýarymynda iň geçginli on smartfonyň arasynda iPhone 15 (17,8 million), Samsung Galaxy A15 (17,3 million), iPhone 15 Pro (16,9 million) we beýleki modeller bar.
Täze iPhone 16 setiri çykandan soň, Apple resmi web sahypasyndan iPhone 15 Pro-ny we iPhone 15 Pro Max-y aýyrdy we olary diňe üçünji tarap dükanlarynda goýdy.


16.05.2026 11:20
4k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

12.05.2026 14:43
7.8k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....