YouTube Premium-a abuna ýazylmak ýene gymmatlaýar. Käbir sebitlerde bu 50%-e çenli ýetýär

  • 26.09.2024 13:37
  • 2.7k+

YouTube kompaniýasy Premium hasabyna abuna ýazylmagyň ep-esli gymmatlandygyny we bu täzeligiň noýabr aýyndan güýje girjekdigini mälim etdi.  Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Aziýa ýaly käbir sebitlerde bahalar 50%-e çenli ýokarlanar diýip, Android Police çeşmesi habar berýär.

Hususan-da, Irlandiýada, Belgiýada, Niderlandlarda we Italiýada maşgala abuna ýazylyşygynyň bahasy 18 ýewrodan 26 ýewro çenli, şahsy abuna ýazylyşygy bolsa 12 ýewrodan 14 ýewro çenli gymmatlar.
Şweýsariýada maşgala abuna ýazylyşygy 24 frankdan 34 franka çenli, şahsy abuna ýazylyşygy 16 frankdan 18 frank aralygynda gymmatlar. Şwesiýada şuňa meňzeş maşgala abuna ýazylyşygynyň bahasy 179 krondan 279 krona çenli gymmatlar.
Bu YouTube Premium-yň soňky bir ýylda ikinji gezek ýokarlanyşydyr we bu gezek ol ABŞ-nyň daşyndaky beýleki ulanyjylara, şol sanda Singapuryň, Tailandyň we Indoneziýanyň abunaçylaryna täsir eder. Hindistanda abuna ýazylmagyň bahalary bary-ýogy bir aý mundan öň 20% ýokarlanypdy.
Premium-yň bahalarynyň ýokarlanmagy bilen, YouTube hyzmatyň mugt wersiýasyny ulanyjylar üçin mahabat girdejileriniň täze çeşmelerini gözlemegini dowam etdirýär. Geçen ýyl Smart TV-de öçürip bolmaýan mahabat peýda boldy, ýakynda bolsa tomaşa edilýän wagty arakesmede mahabaty görkezjek täze Pause Ads formaty yglan edildi.


16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

14.06.2026 14:07
3.9k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....

30.05.2026 11:28
1.5k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......

20.05.2026 10:19
1.5k+

YouTube we Snap sosial ulgamlaryň okuwçylara täsiri baradaky kazyýet işini kadalaşdyrdylar

YouTube wideohostingi we Snap kompaniýasy Kentukki ştatynyň Breýsitt mekdep okrugynyň platformalary kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ruhy saglygyna sosial ulgamlaryň ýaramaz täsirinde aýyplan kazyýet işi boýunça......