Apple-iň ady rowaýata öwrülen öňki dizaýneri OpenAI bilen täze görnüşli smartfon döretmegiň üstünde işleýär

  • 25.09.2024 14:01
  • 5.1k+

Apple-iň öňki baş dizaýneri Joni Aýw OpenAI bilen täze emeli aň (AI) enjamyny döretmek üçin tagallasyny birleşdirdi. Heniz başlangyç tapgyrdaky bu taslama eýýäm maýadarlaryň ünsüni özüne çekdi we ýylyň ahyryna çenli 1 milliard dollara çenli serişde alyp biler diýip, PhoneArena ýazýar.

Taslamanyň maksady - adamyň emeli aň bilen özara gatnaşygynda öwrülişik etjek enjamy döretmek. Täze gajet çylşyrymly talaplary gaýtadan işlemek we wezipeleri adaty programma üpjünçiliginden has netijeli ýerine ýetirmek üçin generatiw AI-niň  mümkinçiliklerini ulanar.
Taslamanyň jikme-jiklikleri gizlin saklanýar, ýöne Aýwyň toparynda Tena Tana we Ewans Henki ýaly, iPhone-nyň üstünde işlän Apple-iň öňki işgärleriniň bardygy mälim. Enjam Aýwyň esaslandyran LoveFrom kompaniýasy tarapyndan dizaýn edilýär.
Taslama hasaplaýyş enjamlarynyň täze synpynyň döremegine sebäp bolup biljek, AI-niň çägindäki ekspertizany we apparat üpjünçiligini birleşdirýär.
Taslama Aýwa we Emerson Collective - Loren Pauel Jobsyň kompaniýasy tarapyndan maliýeleşdirilýär. Taslamanyň topary häzirki wagtda 10 adamdan ybarat we San-Fransiskodaky meýdany 2973 inedördül metr bolan ofisde işleýär.
Joni Aýw Apple-de Stiw Jobs bilen onlarça ýyllap bile işledi. 90-njy ýyllaryň ahyrynda we 2000-nji ýyllaryň başynda özboluşly hem-de owadan enjamlardan başlap, häzirki minimalistik noutbuklara çenli, Apple-iň ajaýyp häzirki zaman enjamlarynyň köpüsiniň dizaýny bilen tanalýar. Aýwyň mirasy Apple-iň önümleriniň dizaýnynda öz beýanyny tapmagyny dowam etdirýär.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......