Täze Redmi Note 14 Pro suwdan örän oňat goraga we ýokary derejeli batareýa eýe bolar

  • 24.09.2024 19:41
  • 12k+

Redmi kompaniýasy täze Redmi Note 14 smartfonlarynyň tanyşdyrylyşynyň boljakdygyny mälim etdi, bu çäre 26-njy sentýabrda geçer diýip, IXBT habar berýär.

Redmi Note 14 Pro modeliniň esasy aýratynlygy onuň daşarky täsirlerden ýokary derejede goraglydygy bolar. Smartfon IP66, IP68 we IP69 ülňülerine laýyk gelýär, bu bolsa oňa suwuň 2 metr aşagyna 24 sagatlap çümdürilende-de, 1,8 metre çenli beýiklikden aşak gaçanda-da zeper ýetmezlige mümkinçilik berýär. Kompaniýanyň wekiliniň sözlerine görä, täze telefon suwa we urga çydamlylyk synaglaryndan üstünlikli geçdi.
Mundan başga-da, Redmi Note 14 Pro Corning Gorilla Glass Victus 2 bilen goralýan ekran bilen üpjün ediler. Ilkinji alyjylar, bir ýylyň dowamynda ekrana zeper ýeten ýagdaýynda, ony mugt çalşyp bilerler.
Redmi Note 14 Pro + modeli ýokary energiýa dykyzlygy (814 Wt•ç/l) we pes temperatura durnuklylygy bilen häsiýetlendirilýän 6200 mAh kuwwatly täze Xiaomi Jinshajiang batareýasyny alar. Batareýa dört ýyllap uzak hyzmat eder. Bu çözgüt orta synpda ilkinji gezek peýda bolýar, ol ozal diňe flagman enjamlarynda ulanylýardy.
Şeýle hem, smartfonlarda 1.5K durulykdaky displeý bolar. Pro wersiýasy Snapdragon 7s Gen3 prosessory bilen işlär, Pro + bolsa MediaTek Dimensity 7350 bilen üpjün ediler.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...