Türki dilli döwletleriň küşt assosiasiýasy döredildi

  • 24.09.2024 19:28
  • 4k+

Wengriýanyň paýtagty Budapeştde geçen 45-nji Bütindünýä küşt olimpiadasynyň çäklerinde Halkara küşt federasiýasynyň Baş assambleýasynyň mejlisi geçirildi. Duşuşykda Azerbaýjan tarapyndan küşt gurşawynda türki dilli döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy we gatnaşyklary berkitmek üçin ýörite gurluş döretmek teklip edildi.

Azerbaýjanyň Küşt federasiýasynyň baş sekretary Ilaha Gadimowa bu babatda çykyş edip, türki dilli ýurtlaryň bilelikdäki Assosiasiýasyny döretmegiň möhümdigini belledi we geljekki guramanyň esasy maksatlary barada habar berdi. FIDE-niň Baş assambleýasynda ses bermek üçin hödürlenen teklip biragyzdan kabul edildi.
Şeýlelikde, Türki dilli döwletleriň küşt assosiasiýasy döredildi. Assosiasiýanyň ilkinji agzalary Gazagystan, Azerbaýjan, Türkiýe, Özbegistan, Türkmenistan we Gyrgyzystan boldy.
Mejlisiň ahyrynda FIDE-niň prezidenti Arkadiý Dworkowiç Türki dilli döwletleriň küşt assosiasiýasyna agza döwletleriň küşt federasiýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.
Ýakyn günlerde assosiasiýanyň düzgünnamasy tassyklanar. Guramanyň ýolbaşçysy iki ýyl möhlet bilen saýlanar we ýolbaşçylyk nobatlaýyn tertipde alnyp barlar.
Belläp geçsek, FIDE-niň düzüminde Latyn Amerikasynyň ýurtlarynyň, arap döwletleriniň, fransuz dilli ýurtlaryň Küşt guramalary hereket edýär.


22.06.2026 17:52
5k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....