iFixit-iň hünärmenleri iPhone 16-ny Apple-iň bejermek üçin iň ýaramly smartfony diýip atlandyrdylar

  • 24.09.2024 13:36
  • 3.8k+

iFixit hünärmenleri iPhone 16-ny jikme-jik seljerip, ony häzirki günde Apple kompaniýasynyň bejermek üçin iň ýaramly smartfony diýip ykrar etdiler.

Täze smartfon 10 baldan 7 bal aldy. Deňeşdirmek üçin, öňki iPhone 15 modeli bary-ýogy 4 bal alypdy.
Hünärmenler akkumulýatory aýyrmagyň has kämilleşdirilen ulgamyna ýokary baha berdiler. Indi ony aýyrmak üçin ýelimi gowşadýan dokuz woltly batareýany ulanmak ýeterlik. Bu çemeleşme firma gurallaryny we arassalamagy talap etmeýändigi üçin ýeterlik derejede ygtybarlydyr. Şeýle-de bolsa, hünärmenler berkitmek üçin nurbatlaryň ulanylmagyny has makul hasapladylar.
Mundan başga-da, smartfonyň gurluşy beýleki bölekleri sökmezden kameralar, dinamikalar we yzky gapak ýaly komponentleri aňsatlyk bilen çalyşmaga mümkinçilik berýär.
Şeýle-de, Apple bejeriş işleri boýunça giňişleýin gollanmany hödürledi, bu hem iFixit hünärmenleriniň pikiriçe, bäsdeşleriň şeýle resminamalaryndan ep-esli öňe geçýär.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...